Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Gazprom” bilen Türkmenistanyň arasyndaky täze gaz ylalaşygynyň ýakyn wagtda güýje girmegi mümkin


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

“Gazprom” bilen Türkmenistanyň arasynda 2019-njy ýylyň 3-nji çärýeginde täze gaz ylalaşygynyň güýje girmegi mümkin. Bu barada TASS habar agentligi 31-nji maýda habar berdi.

Russiýanyň premýer ministriniň birinji orunbasary Sergeý Prihodko Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň anna güni Aşgabatda geçirilen sammitinde eden çykyşynda Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky täze gaz ylalaşygynyň 2019-njy ýylyň 3-nji çärýeginde güýje girmeginiň mümkindigini aýtdy.

“2019-njy ýylyň mart we aprel aýlarynda gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, Gazprom Türkmenistanyň gazyny satyn almak boýunça gysga möhletli ylalaşyga gol çekdi. Biz häzirki wagtda “Türkmengaz” kompaniýasy bilen orta möhletli ylalaşyk boýunça iş alyp barýarys. Bu ylalaşyk 2019-njy ýylyň 3-nji çärýeginde güýje girmegi mümkin” diýip, Prihodko aýtdy.

Ýatlasak, 2019-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda gaz söwdasy boýunça gysga möhletli ylalaşyk ýola goýlup, “Gazprom” iýunyň aýagyna çenli Türkmenistandan 1 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz satyn aljakdygyny mälim edipdi.

Şeýle-de, rus hökümetiniň başlygynyň orunbasary Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda Hazar deňzinde we onuň töwereginde gaz ýataklaryny özleşdirmek ýaly energiýa pudagyndaky hyzmatdaşlyklaryň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny aýtdy.

31-nji maýda Azatlyk Radiosy Beýik Britaniýanyň Glasgow uniwersitetiniň Merkezi Aziýa boýunça lektory professor Luka Ançesçiden rus-türkmen gaz söwdasy we iki ýurduň arasynda ýola goýulýan täze gaz ylalaşygy barada söhbetdeş boldy.

Ol gürrüňdeşlikde Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň geçmişiniň baýdygyny aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde ekspert Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda dikeldilýän gaz söwdasynda onuň möçberiniň oýnaýan roluna ünsi çekdi.

“Gazpromyň hakykatdanam Türkmenistana dolanýandygyny ýa-da däldigini takyk seljermek üçin iki ýurduň arasynda ýola goýulýan energiýa gatnaşyklarynda ýylda 10 milliard kub metr ýa-da şondan köp möçberde gazyň söwdasy barada gürrüň bolmaly” diýip, Ançesçi aýtdy.

Tebigy gazyň bahasy bilen bagly meseleleriň ýüze çykmagy bilen, 2016-njy ýylyň başyndan başlap Russiýa türkmen gazyny satyn almagy bes edipdi.

Munuň yzýany Türkmenistan soňky iki ýyldan gowrak wagtyň dowamynda garaşsyzlyk ýyllarynyň iň agyr ykdysady krizislerinden birini başdan geçirdi.

Ýöne şu ýylyň aprel aýynda “Gazprom” resmi beýanat ýaýradyp, Türkmenistan bilen aradaky gaz söwdasyny täzeden ýola goýýandygyny mälim etdi.

Meniň pikirimçe “Gazprom” Türkmenistandan ýylda 10 milliard kub metrden köp gaz satyn almasa, bu ujypsyz hem-de ähmiýetsizdir” diýip, Ançesçi aýtdy.

Russiýanyň hökümet başlygynyň birinji orunbasary Prihodkonyň Aşgabatda eden çykyşynda ýola goýulýan täze ylalaşygyň detallary barada maglumat berilmedi.

Beýleki tarapdan, Türkmenistan Hazar deňzinden çekilmegi göz öňünde tutulýan Trans-Hazar gaz geçirijisine-de gyzyklanma bildirýändigini aýdyp geldi.

“Trans-Hazar baradaky gürrüňler çynyrgap başlasa, muňa Russiýanyň rugsady gerek bolar. Sebäbi soňky kabul edilen Kaspi konwensiýasy Hazarýaka döwletlerine ekologiýa problemalary diýilýän meseleler bilen bagly [deňizde durmuşa geçirilýän] proýektlere gatyşmaga rugsat berýär diýip, ekspert aýtdy.

Türkmen metbugaty rus-türkmen gaz söwdasy bilen bagly habarlarda taraplaryň arasynda gaz ulgamynda 2028-nji ýyl çenli hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ylalaşygyň esasy dokument bolup durýandygyny yzygiderli häsiýetde gaýtalaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG