Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda mekdepleri we çagalar baglaryny abatlamak üçin, ene-atalardan pul ýygnalýar


Aşgabatda mekdepden çykyp barýan eje we gyz, şeýle-de mekdep okuwçylary. Arhiwden alnan surat
Aşgabatda mekdepden çykyp barýan eje we gyz, şeýle-de mekdep okuwçylary. Arhiwden alnan surat

Aşgabadyň orta mekdepleriniň we çagalar baglarynyň ýolbaşçylary bilim we terbiýeçilik jaýlaryny abatlamak işleri üçin ene-atalardan pul ýygnap başladylar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri habar berýär.

“Maý aýynyň başyndan paýtagtyň mekdeplerinde, şeýle-de çagalar baglarynda her çagadan 200 manat möçberinde pul ýygnap başladylar. Bu pul serişdesini mekdeplerde we çagalar baglarynda, şol sanda synp otaglarynda, koridorlarda we jaýlaryň öň tarapynda abatlaýyş işlerini geçirmek üçin ýygnaýarlar” diýip, anonim şertde maglumat beren habarçy 13-nji maýda gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynda paýtagtyň haýsy mekdeplerinde we çagalar baglarynda puluň ýygnalýandygy barada anyk maglumatyň bardygyna garamazdan, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.

Belläp geçsek, 13-nji maýda Türkmenistanda dollaryň resmi kursy 3 manat 50 teňňe möçberinde saklanyp galýan mahalynda, Aşgabatda “gara bazar” söwdagärleri 1 amerikan dollaryny 18 manat 70 teňňeden satyn alyp, 19 manat 20 teňňeden satýarlar. Çagalaryň ene-atalaryndan ýygnalýan 200 manat resmi kursda 60, “gara bazaryň” nyrhynda 10 amerikan dollaryna golaý bolýar.

Habarçynyň sözlerine görä, mekdep ýolbaşçylary bu puly esasan-da, şu ýyl 11-nji synpy tamamlaýan okuwçylardan almaga synanyşýarlar. Munuň üçin mekdep ýolbaşçylary käte okuwçylary gorkuzýarlar we olara haýbat hem atýarlar.

“Mekdep ýolbaşçylary şu ýyl uçurym boljak okuwçylara basyş edýärler. Olar ýygnalýan puly beresi gelmeýän okuwçylara attestatlarynda, orta bilim hakyndaky şahadatnamalarynda 3-lik baha goýjakdyklaryny aýdyp, haýbat atýarlar. Attestatyňda 3-lik baha bolsa, Türkmenistanda ýokary okuw jaýyna girmek has-da kynlaşýar. Şol sebäpli çagasy şu ýyl okuwy tamamlaýan ene-atalar islendik puly tölemäge taýýar diýsek-de boljak” diýip, habarçy aýtdy.

Habarçy mekdep we çagalar baglarynyň ýolbaşçylarynyň ýygnalýan puly bermäge maddy güýç ýeteri bolmadyk ene-atalardan bolsa, gurluşyk materiallaryny alyp bermegi soraýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

“Ene-atalar bu ýagdaýdan örän nägile. Sebäbi olar ykdysady kynçylyklaryň ýiti duýulýan, azyk we senagat harytlarynyň gymmatlaýan döwründe, güzeran aýlamagyň onsuz-da kyndygyny aýdýarlar” diýip, habarçy aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar dogrusynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginden maglumat almak synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde we çagalar baglarynda tomus paslynyň öňýanynda, çagalardan abatlaýyş işleri üçin pul ýygnalýandygy barada Azatlyk Radiosy indi ençeme ýyl bäri habar berip gelýär.

Mundanam başga, ýurtda mekdep okuwçylaryndan we çagalar baglaryna gatnaýan çagalardan baýramçylyk lybaslaryny satyn almak, mekdebi bezemek, köýen lampalary çalyşmak we dabara-şowhun işleri üçin hem wagtal-wagtal pul ýygnalýar.

Şu ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebaba sapar etmegine garaşylan döwründe, ony garşy almaga gatnaşjak mekdep okuwçylaryndan täze egin-eşikleri satyn almak üçin olaryň ene-atalaryndan 160 manada çenli pul soralýandygyny, Azatlyk Radiosynyň habarçylary habar berdiler.

Geçen ýylyň sentýabrynda Azatlygyň Daşoguzdaky habarçysy welaýatyň mekdeplerinde, birinji synpdan 11-nji synpa çenli aralykdaky okuwçylaryň ählisinden “köýen lampalary çalşyrmak, döwlen şkaflary we partalary abatlamak üçin” pul ýygnalýandygyny habar berdi.

Azatlyk Radiosy bilen anonim şertde söhbetdeş bolýan türkmenistanly ene-atalaryň ençemesi çagalardan pul ýygnamak kampaniýasynyň eýýäm däbe öwrülendigini, ýöne ýurtda durmuşyň barha gymmatlaýan döwründe, munuň aýlyga ýaşaýan raýatlary has-da darygdyrýandygyny aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG