Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

‘Türkmenistanda alýan aýlygym maşgalama däl, diňe özüme-de ýetenokdy’


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda ykdysady kynçylyklaryň fonunda ýurdy terk edip, eklenç gözleginde daşary döwletlere gidýän raýatlar barada Azatlyk Radiosyna has köp maglumatlar gelip gowuşýar.

18-nji aprelde anonim şertde habarlaşan türkmen migrantlarynyň biri ýakynda Türkmenistandan Türkiýä göçüp giden türkmenistanly gazak maşgalanyň başdan geçirenleri barada gürrüň berdi.

Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ýaşan ene we üç ogly ýurtda iş tapmagyň we güzeran aýlamagyň kynlaşandygy sebäpli Türkiýäniň Stambul şäherine göçüp barýar.

Adamsy 2008-nji ýylda aradan çykan zenan Türkmenbaşy şäherindäki çagalar baglarynyň birinde eneke bolup işleýärdi. Ol çagalar bagynyň ýolbaşçysynyň basyşlary esasynda, öz islegi bilen işden çykýandygy barada arza ýazmaga mejbur bolýar. Şondan soňra ol dyngysyz synanyşandygyna garamazdan, dört ýyllap iş tapyp bilmeýär.

Türkmenbaşyly zenanyň uly ogly harby gulluk borjuny ýerine ýetirip, yzyna dolanandan soňra iş gözleginde ençeme edara-kärhananyň, hususy işewürleriň gapylaryny kakýar. Emma onuň hem bu synanyşyklary netije bermeýär.

“Galyberse-de, Türkmenistanyň hökümet ýolbaşçylary adamlary “özümiziňkiler we kesekiler” diýip bölýärler. Biz öz doglan ýurdumyzda “kesekileriň sanawyna” düşendigimizi aňanymyzda, munuň üstesine-de, güzeran aýlamak has-da kynlaşanda, Türkmenistandan Gazagystana göçmek kararyna geldik” diýip, türkmenbaşyly zenan aýdýar.

Ýöne maşgala göçüp gitmek we onuň bilen bagly resminamalary taýýarlamak üçin zerur bolan maliýe serişdesi ýoklugy sebäpli ilki Stambula gitmek kararyna gelýär. Häzirki wagt olar bu şäherde zähmet migranty bolup, Gazagystana göçmek üçin zerur bolan maliýe serişdesini şu ýylyň ahyryna çenli toplamaga synanyşýarlar.

Türkmenbaşyly zenanyň uly ogly Stambuldaky awtoulag ýuwýan duralgalaryň birinde işleýär. Onuň özi bolsa, bir maşgalanyň ýanynda öý kömekçisi bolup zähmet çekýär.

Olar Türkmenistanda gelejegiň ýokdugyny aýdyp, mundan beýläk ykballaryny özleriniň doglan we önüp-ösen ýurdy bilen baglanyşdyrmaýandyklaryny hem belleýärler.

Türkmenistanda gazanç etmegiň kyndygy we alýan aýlygynyň güzeran aýlamaga ýetmeýändigi sebäpli arap döwletleriniň birine giden türkmen raýatlarynyň ýene biri Azatlyk Radiosy bilen habarlaşdy.

Howpsuzlyk sebäpli asyl adyny Maral diýip üýtgeden türkmenistanly gyz ýurtda orta mekdebi tamamlandan soňra, ýokary bilim almak üçin daşary döwletleriň birine gidýär. Ol daşary ýurduň uniwersitetinde okan döwri, 4 ýyllap Türkmenistana dolanmaýar.

“Şol döwür Türkmenistana gidesim-de gelmedi. Ýöne okuwy tamamlap, Türkmenistana gelmeli boldum hem-de özüm öz başymy çalaýyn diýdim. Öz ýurdumda durmuşymy synap görmekçidim. 2016-njy ýylda Aşgabada baranymda, meni aeroportda saklap, komitet işgärleri 1 sagatdan gowrak sorag etdiler. Näme üçin 4 ýyllap ýurda gelmediň? Türkmenlerden namaz okaýan kursdaşlaryň bardymy? diýen soraglary berdiler. Men olara ýagdaýymyz ýoklugy sebäpli ýurda gelmändigimi düşündirdim. Şeýle-de, türkmen kursdaşlarym bilen gatnaşamokdym diýdim. Şondan soňra meniň şahsy maglumatlarymy aldylar we meni goýberdiler” diýip, Maral öz başdan geçirenlerini gürrüň berýär.

Şondan soň ol Türkmenistanda 6 aýlap özüni synaýar, ýöne ne diplomyny tassykladyp bilýär, ne-de özi oňuşar ýaly aýlykly iş tapyp bilýär. Aradan alty aýa golaý wagt geçensoň, Maral zähmet haky 800 manat bolan işe ýerleşýär.

“Men rusça, iňlisçe we türkmençe gürläp hem ýazyp bilýärin. Ýöne şonda-da men mundan ýokary aýlykly iş tapyp bilmedim. Alýan aýlygym diňe özüme-de ýetenokdy. Enem-atamdan pul alýardym” diýip, Maral aýdýar.

Ol bu işinde 6 aý çemesi zähmet çekýär. Şondan soň ol Türkmenistany terk edip, daşary ýurtlaryň birine gitmek kararyna gelýär. “Häzirki wagt arap döwletleriniň birinde ýaşaýaryn we işleýärin. Hudaýa şükür, durmuşym gowy. Halal gazanç edýärin, özüme artygy bilen ýetýär” diýip, Maral sözüni jemledi.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolýan daşary ýurtlardaky türkmen zähmet migrantlarynyň sözlerinden we redaksiýamyza gelip gowuşýan hatlardan çen tutulsa, Türkiýe, Russiýa, Ukraina we arap ýurtlary türkmenistanlylaryň eklenç gözleginde iň köp ýykgyn edýän döwletleriniň hatarynda agzalýar.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri daşary döwletlere işlemäge ýa-da ýaşama gidýän türkmenistanlylaryň sany, ýurtdaky ykdysady kynçylyklar we işsizligiň derejesi barada ilat köpçüligine maglumat bermän gelýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG