Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Aşgabatagyzsuwyň” işgärleri pulsuzlykdan we kemsidilmekden dat edýärler


Aşgabat. "Parahat" etrapçasynda bir jaýda düşürilen surat.
Aşgabat. "Parahat" etrapçasynda bir jaýda düşürilen surat.

Aşgabatdaky “Aşgabatagyzsuw” döwlet kärhanasynyň işgärleri mart aýynyň aýlygyny häzire-bu güne çenli hem alyp bilmän gelýärler. Ýogsa işgärler döwlet kärhanasynyň ýolbaşçylarynyň hasap bölümine 50 manatdan pul tabşyrmaklary baradaky talaplaryny hem ýerine ýetirdiler.

“Azatlyk” radiosy döwlet edaralarynyň işgärleriniň ulanan suwlary üçin töleg tölemegini talap etmek üçin tapylan özboluşly usul hakynda 8-nji aprelde habar berdi. Hususan-da “Aşgabatagyzsuwyň” ýolbaşçylary, eger aýlyklaryny almak isleseler, işgärleriniň ulanylan suw üçin 40 manatdan pul tölemeklerini talap etdiler.

“Azatlygyň” habarçysy 13-nji aprelde işgärleriň talap edilýän möçberdäkipuly töländiklerini, emma aýlyklarynyň şindi hemberilmeýändigini habar berdi.

“Aşgabatagyzsuwuň” işgärleri ýolbaşçylaryň awans almak üçin 50 manat tabşyrmak baradaky bikanun talabyny ýerine ýetiren-de bolsalar, özleriniň kanun esasynda gazanan pullaryny şindi hem almadylar. Olara aýlygyň gijikmeginiň sebäbini düşündirmezden,“pul ýok, garaşyň” diýip jogap berýärler” diýip, “Azatlygyň” habarçysy habar berdi.

Onuň sözlerine görä, talap edilen 50 manady tölemek üçin köp işgär talap edilýän möçberdäki puly geljekki aýlygyň hasabyna karz aldy, sebäbi köp adamda beýle serişde ýokdy. Şol bir wagtda, işgärlere tölän 50 manatlary üçin hiç hili kwitansiýa berilmedi.

Şeýle-de, “Aşgabatagyzsuw” döwlet kärhanasynyň işgärleriniň beren gürrüňlerine salgylanyp, “Azatlygyň” habarçysy bu kärhanada edilýän eden-etdilikler hakynda habar berdi.

“Öz esasy işlerinden başga, ýönekeý işgärleri jemagat hojalygynyň işgärleriniň işlerini ýerine ýetirmäge mejbur edýärler: olar skwerleri arassalaýarlar, gonamçylyklara esewan edýärler, lagym ötüklerini tämizleýärler, emma bu işler üçin esasy aýlyklaryna goşmaça goşulmaýar.

Eger-de ozallar şeýle “ýowarlar” diňe baýramçylyklara gabat geçirilen bolsa, soňky aýlarda şäheri mugtuna arassalatmak işleri, “Aşagabtagyzsuwuň” işgärleriniň içi ýananyň gülküsini edip aýtmaklarynda görä, “gündelik işe” öwrüldi.

Ýolbaşçylar ýuwaşlyk bilen bildirilýän garşylyga “şäheri arassalamaly, adam ýetenok” diýip, zoňtar jogap berýär” diýip, “Azatlygyň” habarçysy “Aşgabatagyzsuwuň” işgärlerine salgylanyp habar berýär.

Şeýle-de ol paýtagt kärhanasynyň işgärleriniň eden-etdilikli ulanylmagynyň diňe Aşgabatdaky gulçulyk zähmeti bilen çäklenmeýändigini, eýsem olary paýtagtdan daşardaky işlere hem yzygiderli iberýändiklerini habar berýär.

“Ahal welaýatynyň düýbüni tutmak dabaralarynyň öňüsyrasynda “Aşgabatagyzsuwuň” işgärlerini günuzyn Gökdepe etrabyna iberip, çaý-nahardan geçen, suwam bermän, tutuş günläp territoriýa arassalatdylar.

Hatda gije-gündiz işlän adamlary, şol sanda agşamky smenada işlän adamlary, aýak üstünde zordan durýan hem bolsalar, şol ýere alyp gitdiler. Açyk meýdanda hatda hajathana gitmäge-de mümkinçilik bolmady.

Adamlaryň gahary gelýär, emma açyk pikirini aýtmaga gorkýarlar, sebäbi köpçülikleýin işsizlik we bahalaryň barha ýokarlanýan wagtynda işlerini ýitirmekden gorkýarlar” diýip, “Azatlygyň" habarçysy gürrüň berýär.

Emma “Azatlyk” häzirlikçe döwlet kärhanasynyň wekillerinden hiç bir düşündiriş alyp bilmedi.

“Aşgabatagyzsuw” kärhanasy apreliň başynda şäheriň ýaşaýjylaryna ölçeýjileri oturtmak we suw hem-de lagym hyzmaty üçin tölegleri wagtynda tölemek çagyryşy bilen ýüzlendi. Bu çagyryş merkezde çykýan “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edildi.

Häzirki wagtda ýurduň ilatyulanylan suw we gaz üçin ölçeýji gurallaryň görkezen sanlary esasynda töleg edýärler. Şunuň bilen birlikde, “Azatlygyň” Aşgabatdaky habarçylarynyň habar bermeklerine görä, paýtagtyň ýaşaýjylary mundan öňki ýyllarda ulanan suwlary üçin hem jerime tölemäge mejbur edildi.

Täze düzgünler 2019-njy ýylyň başynda güýje girdi. Ýurduň ýolbaşçylary ilata mugt suw, gaz we elektrik toguny bermegi ýatyrmak kararlaryny 2018-nji ýylyň sentýabrynda yglan etdiler.

Türkmenistanda döwlet edaralarynyň işgärleriniň aýlyk haklaryndan tutum tutmak yzygiderli häsiýete eýe bolup durýar.

Döwlet gullukçylary her aýda abadançylyk we köçeleri arassalamak, bag nahallaryny ekmek we olara ideg etmek, döwlet eýeçiligindäki metbugat neşirlerine abuna ýazylmak, baýramçylyk we sport eşiklerini satyn almak, şeýle-de häkimiýetler tarapyndan guralýan köpçülik çärelerine gatnaşanlarynda zerur bolýan beýleki zatlary almak üçin pul çykarmaga borçly.

Ýurtda ortaça aýlyk dollaryň resmi kursunda hasaplananda $228 dollara golaý, pensiýa - $72, maýyplyk puly - $100-200, enelere çaga üçin berilýän kömek puly - $40-90 bolup durýar.

XS
SM
MD
LG