Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serdar Berdimuhamedow hususy telekeçilige degişli desgalaryň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy


Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary Serdar Berdimuhamedow
Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary Serdar Berdimuhamedow

27-nji fewralda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda hususy telekeçilige degişli desgalaryň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.

Düýbi tutulan desgalaryň biri obasenagat toplumyna degişli, beýlekisi demir beton önümlerini öndürýän kärhanadyr.

TDH-nyň maglumatyna görä, dabara Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen bir hatarda parlamentiň agzalary, Senagatçylar we telekçiler birleşmesiniň agzalary we beýlekiler gatnaşdy.

Gökdepe etrabynda gurulýan obasenagat toplumyny “Sowuk göz” hojalyk jemgyýeti bina edýär. Bu firmanyň ozal Türkmenistanda bitiren işleri jemgyýetçilik köpçüligine giňden mälim däl. Galyberse-de, döwlet metbugaty düýbi tutulýan demir beton önümçiligine degişli beýleki kärhananyň eýeçiligini, ony haýsy firmanyň gurýandygyny agzamaýar.

Soňky wagtlarda resmi metbugatda täze desgalaryň gurluşygy ynanylýan hususy kärhanalaryň atlary ýygy-ýygydan peýda bolýar.

22-nji fewralda döwlet metbugatynyň habar bermegine görä, Aşgabatda dikiljek welosipediň gurluşygy “Sprot ýyldyzy” atly firma ynanyldy. Bu kärhana mundan ozal paýtagtda gurlan sport desgalaryň guluşygyna gatnaşypdy.

Bulardan başga, 22-nji fewralda çap edilen resmi habarda Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde guruljak täze aeroportuň gurluşygynyň “Gündogdy” atly hususy kärhana tabşyrylandygy habar berildi.

Ýanwaryň başynda prezident Berdimuhamedow bahasy 2.3 milliard dollarlyk “Aşgabat-Türkmenabat” ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyny “Türkmenawtoban” atly ozal ady eşidilmedik ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine tabşyrdy.

Bu kärhanalaryň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarydygy aýdylýar.

Gökdepede bina edilýän agrosenagat toplumy 220 gektar meýdanda ýerleşer. Onda oba hojalyk önümleri, et we balyk önümleri, türkmen çakyrlary we beýleki önümler öndüriler. Metbugatyň habaryna görä, “Sowuk göz” hojalyk jemgyýeti Gökdepe etrabynda 520 gektarlyk meýdanda üzüm hem ösdürip ýetişdirýär.

Toplumyň binýadynda kuwwatlylygy ýylda 15 tonna üzümi gaýtadadan işlemäge niýetlenen çakyr zawody gurlar. Habarda onuň önümçiliginiň içerki ýa-da daşarky bazara niýetlenendigi agzalmaýar. Türkmenistan alkogolly içgileriň zyýanly täsirini aradan aýyrmak boýunça dürli saglyk maksatnamalaryny we kanunlary kabul edýär.

Toplumda birbada 38 müň tonna önüm saklmaga niýetlenen ammar, 170 gektarlyk meýdanda 4 sany ýyladyşhana gurlar. Şeýle-de onuň binýadynda mürepbe, miwe suwlary, hem-de duzlanan önümlerini öndürmek planlaşdyrylýar. Toplumda ýylda 360 tonna mal eti, 240 tonna balyk öndüriler.

Soňky iki ýylyň dowamynda ýurtda azyk önümleriniň gytçylygy we gymmatçylygy duýulýan wagty, türkmen metbugaty täze guruljak toplumyň haçan açylyp ulanylmaga beriljekdigini agzamaýar.

Desganyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşan Serdar Berdimuhamedow 9-njy fewralda Kaka etrabynda ýyladyşhana açdy. 24-nji ýanwarda Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýolunyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Geçen ýylyň oktýabr aýynda Ahal welaýatynyň çäginde döwrebap obalaryň düýbüni tutmak dabaralaryna gatnaşdy.

Prezidenti Berdimuhamedow ogly Serdary ýanwar aýynyň başynda Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine belläpdi.

Serdar Berdimuhamedow 2018-njy ýylyň martynda geçirilen parlament saýlawlarynyň yzýany Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.

Döwlet metbugaty Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşýan açylyş dabaralaryna welaýat häkiminiň orunbasary hökmünde gatnaşýandygyny nygtaýar. Ýöne döwlet telewideniýesi welaýatlaryň häkimleriniň beýleki orunbasarlarynyň gatnaşýan dabaralaryny görkezmeýär.

XS
SM
MD
LG