Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede ten satmaga mejbur edilen daşary ýurtly, şol sanda türkmenistanly zenanlaryň 22 sanysy saklandy


Türkiýäniň Stambul şäheri
Türkiýäniň Stambul şäheri

"Işe ýerleşmäge kömek etjek" diýlip Türkiýä getirilen we soňra Stambulda ten satmaga mejbur edilen daşary ýurtly, şol sanda türkmenistanly zenanlaryň 22 sanysy saklanyldy. Bu barada Türkiýäniň metbugat serişdeleri habar berýär.

“Hürriýet” gazetiniň 14-nji fewralda çap eden habaryna görä, Türkmenistandan, Özbegistandan, Gyrgyzystanda, Gazagystandan we Ugandadan gelen 22 zenan polisiýada soraga çekilenden soň, Türkiýeden öz ýurtlaryna iberilmegi üçin Stambulyň welaýat migrasiýa müdirligine iberildi.

“Jenaýat toparynyň agzalarynyň sosial mediada çaga seretmek we öýlerde hyzmatkär ýa-da kömekçi bolup işlemek üçin bildirişleri ýerleşdirip, aýal-gyzlary Türkiýä getirýändikleri anyklaşdyryldy. Olaryň Türkiýä gelen aýal-gyzlaryň ellerinden pasportlaryny alýandyklary we käbir aýallary resminama gol çekmäge mejbur edip, özlerine bergili edýändikleri, şeýlelikde, olary ten satmaga zorlaýandyklary anyklaşdyryldy” diýlip, habarda aýdylýar.

Aýdylmagyna görä, Türkiýäniň Anadolu baş prokuraturasy we oňa degişli türk edaralary tarapyndan 3 aý dowam eden tehniki we fiziki yzarlamalardan soňra, 14-nji fewralda daňdan wagty Stambulyň Anadolu bölegindäki 7 etrapçadaky 31 adrese bir wagtda reýdler geçirildi.

“Bu reýdleriň netijesinde ten satmaga mejbur edilen 22 aýal we olary ten satmaga mejbur edendigi aýdylýan 20 şübheli, şeýle-de şol adreslerdäki başga-da 30 adam saklanyldy. Şeýle-de, jaýlarda aýallara degişli pasportlar bilen bir hatarda, ençeme sapança we ok-däri, gylyç, neşe maddalary, ten satmak söwdasyndan alnan pul serişdeleri, resminamalar we beýlekiler ele salyndy” diýlip, habarda aýdylýar.

Türk metbugatynyň habarynda aýal-gyzlaryň şahsyýetleri we olaryň türk ýa-da daşary ýurt raýatlary tarapyndan ten satmaga mejbur edilendigi aýdyňlaşdyrylmaýar.

Türkiýe köp sanly türkmenistanlylaryň okamak we iş gözleginde çykmak üçin saýlap alýan esasy ýurtlarynyň biri bolmagyna galýar.

Soňky ýyllarda türk metbugatynda Türkiýede ten satýan ýa-da ten satmaga mejbur edilen, jynsy zorluga uçran, öldürilen ýa-da ýiten, jenaýata baş goşan türkmenistanlylar barada ýygy-ýygydan habarlar peýda bolýar.

13-nji fewralda meşhur aýdymçy Mahsun Kyrmyzygülüň Stambulyň Beşiktaş etrabynyň Etiler diýen ýerinde ýaşaýan ejesiniň gymmaty 2 million türk lirasyna, ýagny 400 müň amerikan dollaryna golaý barabar bolan zatlaryny ogurlandygy güman edilýän türkmen migrantlarynyň sud diňlenişigi geçirildi.

Stambulyň jenaýat sudy bu sud diňlenişigini soňa goýup, şübhelileriň tussaglygynyň dowam etmelidigi barada karar çykardy.

Geçen ýylyň 14-nji dekabrynda Türkiýäniň “Haberler.com” neşirinde çap edilen habarda Demirgazyk Kipriň Lefkoşa şäherinde türkmenistanly bir adamyň öz çagalaryna esewan edýän baldyzyny zorlandygy habar berildi.

Polisiýada soraga çekilen 38 ýaşyndaky Atamyrat Orunow 26 ýaşyndaky baldyzyny zorlandygyny boýun aldy. Orunow Lefkoşanyň Ýokary jenaýat sudy tarapyndan 9 ýyl türme tussaglygyna höküm edilýär.

17-nji awgustda Azatlyk Radiosynyň Stambuldaky çeşmesi şäheriň Awjylar etrapçasynda Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Magdanly şäherçesiniň ýaşaýjysy bolan bir zenanyň gije öýüniň ýanynda pyçaklanyp öldürilendigini görkezýän wideo ýazgyny redaksiýamyza iberipdi.

Türkmenistanlylaryň daşary ýurtlarda duçar bolýan ýagdaýlary barada türkmen metbugatynda hiç hili maglumatlar berilmeýär. Şeýle-de, Azatlyk Radiosyna ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar dogrusynda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasyndan hem kommentariýa almak başartmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG