Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Mugtçulyk döwrüniň' suwy üçin ilata jerime salynýar, ýaşaýjylar resmi esas soraýar


Aşgabat
Aşgabat

Türkmenistanda ilata suwuň mugtuna berlendigi aýdylýan döwürde ulanylan suw üçin jerime salynmagy dowam etdirilýär. Käbir ýaşaýjylar bolsa bu tölegiň näme esasda alynýandygyna düşündiriş soraýarlar we resmi esas görkezilmegini talap edip, tölemekden boýun gaçyrýarlar.

Ýurt ýolbaşçylary 2018-nji ýylyň sentýabr aýynda gazyň, suwyň, elektrik togunyň we iýmlik duzüň tölegli boljagyny yglan etmeginden ozalky döwürde bu serişdeleriň 25 ýylyň dowamynda ilata mugt berilendigini aýdýarlar.

Emma Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylarynyň sözlerine görä, häzirki wagtda ilatyň 2017-2018-nji ýyllarda ulanan suwy üçin köpçülikleýin jerime salynýar. 2017-nji ýylyň noýabr aýyndan 2018-nji ýylyň aýagyna çenli döwüriň her aýy üçin 84 manat möçberinde töleg salynýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary we söhbetdeşleri bu tölegiň jerimedigini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy häzirki wagtda suw üçin tölegleriň we jerimeleriň hasaplanyş usullaryny, şeýle-de, habar berilýän jerimeleriň haýsy resminamalaryň esasynda salynýandygyny anyklamaga synanyşýar.

Munuň bilen bir wagtda-da, Azatlyga raýatlaryň häkimiýetlerden resminama görkezilmegini talap edip, jerimeleri tölemekden ýüz öwürýänpursatlary barada mälim boldy.

“Bir zenan suw üçin töledi. Ol suw ölçeýjisini 2018-nji ýylyň fewral aýynda goýdurypdy. Ondan 2017-nji ýylyň noýabrdan başlap her aý üçin ýene 84 manatdan jerime aljak bolanlarynda, ol ýuridiki esas talap edip, munuň dokumentler bilen tassyklanan ýagdaýynda has köp tölemäge-de taýýardygyny aýtdy” diýip, habarçymyz wakalaryň biri barada gürrüň berdi.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan käbir aşgabatlylar, häzirki wagtda kommunal tölegleriň örän çylşyrymly usuldan hasaplanyp, köpçülik üçin düşnükli däldigini, jemagat edaralarynyň bolsa düşündiriş bermeýändigini aýdýarlar.

“Ýanwar aýynda hut meniň özüme üç gezek jaň edip, mende gaz ölçeýjisiniň bolup-bolmandygyny soradylar. Ol ýerde bar zadyň garym-gatymdygy, hasabyň ýöredilmeýändigi barada pikir döreýär. Suw edarasynda jerimeler we olaryň möçberi babatynda Maliýe ministrligine salgy berýärler. Şeýle-de, suw üçin tölegleriň möçberini nädogry hasaplaýan pursatlary, ýeňillikleri hasaba almaýan ýagdaýlary köp bolýar” diýip, aşgabatly söhbetdeşlerimiziň biri aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary ýurtda suw we gaz ölçeýjilerini oturtmadyk hojalyklaryň az däldigini aýdýarlar.

Türkmenistanda ölçeýjileriň oturdylmagy soňky iki ýyla golaý wagt bäri dowam edýär, emma geçen ýylyň oktýabryndan bäri has güýçlendi. Gazyň we suwuň sarp edilişini ölçeýän gurallar ilatyň hasabyna, jemagat gulluklary tarapyndan oturdylýar, häkimiýetler we polisiýa muňa gözegçilik edýär.

“Hem gaz, hem-de suw ölçeýjileri oturtmaga maddy mümkinçiligi bolmadyklar köp. Käbirleriň pikirine görä, häkimiýetler jerimeleriň hasabyna tölenmedik tölegleriň öwezini dolmak isleýärler” diýip, Aşgabatdaky habarçymyz aýdýar. Onuň sözlerine, ilat köpçüligi jerimelerini we bergilerini bölekleýin töleýär.

Şol bir wagtda-da, häkimiýetler kommunal hyzmatlar üçin bergili ýa-da ölçeýjileri oturmadyk ýaşaýjylara dürli basyş usullaryny ulanýarlar.

Noýabryň ortalarynda Aşgabadyň we onuň etegindäki ýerleriň ýaşaýjylaryna tölenmedik gaz we suw üçin sud jogapkärçiligine çekilip bilinjegi hakynda duýduryş gowuşdy.

Türkmenistanda ilat köpçüligi tölegleriň möçberi we jerimeler barada köplenç öý dolandyryş edaralaryna baran wagtynda bilip galýarlar.

Jaý, suw, gaz we beýleki hyzmatlar üçin täze resmi nyrhlar ýanwaryň ortalarynda köpçülige mälim boldy. Hususan-da paýtagtda bildirişler öý dolandyryş edaralarynda peýda boldy.

XS
SM
MD
LG