Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkan: Mallardaky 'mama keseliniň' adamlara hem geçendigi habar berilýär


Boýnunda enesiniň ady ýazylan bagly düýe. Hazar boýunundaky Garşy dynç alyş merkezi
Boýnunda enesiniň ady ýazylan bagly düýe. Hazar boýunundaky Garşy dynç alyş merkezi

Balkan welaýatynda mallara ýokuşan mama keseli soňky bir hepdäniň dowamynda adamlara hem ýokuşyp başlady.

Bereket etrabynyň merkezi keselhanasyna mama keseli bilen kesellän diýip bilinýän üç adam ýerleşdirildi, lukmanlar özara gürrüňde olaryň mama keseli bilen keselländiklerini tassyklady, emma bu näsaglara goýlan diagnoz gizlin saklanylýar diýip, Azatlygyň Balkan welaýatyndaky habarçysy habar berýär.

Bellemeli ýeri, bu üç näsagyň hiç biri Bereket etrabynyň ýaşaýjysy däl we olaryň öz ýaşaýan ýerlerinde, Balkan dagynyň güneýinde mama keseli bilen kesellän näsaglary bejerip biljek tejribeli lukman ýok diýip, ýagdaýdan habarly adamlar Azatlyk radiosyna gürrüň berdiler.

Mama keseli bilen kesellänleriň gapysynda düýe saklaýan, düýe süýdüni, agaran satýan adamlar bolandygy habar berilýär.

Şeýle ýagdaý Etrek etrabynda hem ýüze çykdy, ýöne bu etrabyň ýaşaýjylary öz näsaglaryny Balkanabat şäherindäki keselhana ýerleşdirdiler diýip, Azatlyk bilen gürleşen ýaşaýjylar aýtdylar.

Şol bir wagtda, ýurtda ýokanç keselliler barada resmi maglumat almak mümkinçiligi bolmansoň, mama keseliniň alamatlary bilen hassahana ýerleşdirilen adamlaryň anyk sanyny anyklamak başartmady.

Bereket etrabyna getirilen näsaglaryň hossarlary-da, Etrek etrabynyň ýaşaýjylary-da näsaglaryny hassahana “mama keseli bilen keselledi” diýip eltdiler, lukmanlar hem olaryň mama keseli bilen keselländiklerini tassykladylar, ýöne resmi ýagdaýda bu diagnoz gizlin saklanylýar, sebäbi ýurtda ýokanç keselleriň soňuna çykylandygy aýdylýar” diýip, Azatlyga gowşan maglumatda bellenilýär.

Azatlyk radiosy Balkan welaýatynda düýeleriň näbelli keselden köpçülikleýin ölýändigini oktýabr aýynyň aýagynda habar berdi.

Keseliň ilki ýaýran ýeriniň, Etrek etrabynyň Madaw obasynyň ýaşaýjylarynyň gürrüň bermeklerine görä, kesel ýokuşan düýeleriň agzyndan ak köpük gelýär we olar kellelerini gaýta-gaýta ýere urup ölýärler. Belet adamlaryň aýtmagyna görä, bu mama keseliniň baş alamatlarynyň birihasaplanylýar.

Madaw obasynyň özüne-de, mal-garalaryna-da karantin yglan edildi, sähel şübhe bildirilen mallar obanyň daşyna çykarylyp, ýörite germew içinde saklanylýar” diýip, ýerli ýaşaýjylar Azatlyk radiosyna gürrüň berdiler.

Emma muňa garamazdan, Azatlyga gowşan maglumata görä, 20 gün çemesi mundan öň 10 adamdan ybarat topar, Oba we suw hojalyk ministrliginiň garamagyndaky Weterinariýa ylmy-barlag institutynyň we welaýat weterinar gullugynyň hünärmenleri üç günläp Madawda bolup, "düýeleriň keselden däl-de, eýsem açlykdan ölendigi barada netijä geldi".

Bärde geçirilen barlaglar düýelerde hiç hili mama keseliniň ýokdugyny görkezdi, bu barlagy soň Aşgabatda hem dowam etdireris” diýip, barlagçylar aýtdylar.

Şol bir wagtda, ilata açyk hiç zat aýdylmazdan, Balkan welaýatynyň Serdar, Bereket, Türkmenbaşy etraplarynda hem, belki-de öňünden gaçyp, düýe önümlerini, düýe süýdüni, düýe etini bazarlara getirmek we satmak gadagan edildi.

Maglumat üçin aýdylsa, düýe eti Aşgabatda soňky ýigrimi ýyldan gowrak bäri bazarda satylmaýar. Sebäbi, 1990-njy ýyllaryň ortalarynda “düýelere mergi keseli degdi” diýip, düýe etini satmak, düýe süýdüni içmek gadagan edildi.

XS
SM
MD
LG