Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk regionyň pagtaçylary ýygyma giç girişer


Türkmenistanda pagta harmany. (Illýustrasiýa suraty)
Türkmenistanda pagta harmany. (Illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň pagtaçylary, bu ýyl 10-njy sentýabrda ýygyma girişýärler diýip, Azatlygyň regiondaky habarçysy 31-nji awgustda maglumat berdi.

“Welaýatda gowaça ekişine giç badalga berildi, şol sebäpden gijem girişerler” diýip, ol aýtdy.

“Daşoguzda pagtanyň ýagdaýy juda pes” diýip, habarçy muňa täsir edýän faktorlar barada gürrüňe dowam etdi.

Ol suwarym suwlarynyň ýetmezçiliginiň umuman ekerançylyga oňýasyz täsir edýändigini, hususan-da gowaça ekinini ösdürip ýetişdirmekde suwuň ähmiýetiniň örän möhümdigini belledi.

“Suwsuz ýetişen pagtada bereket bolmaýar” diýip, habarçy belledi.

Ol Daşogzuň kärende ýerlerinde şu ýyl gowaça meýdanlaryna mineral dökün üpjünçiliginiň talaba laýyk berjaý edilmändigini nygtady.

“Mineral dökün wagtyndan giç berildi. Gowaçalary guratmazlyk üçin olara derman sepdiler” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, ýerli daýhanlar bu ýylky pagta hasylyna umytsyz garaýarlar.

“Daşoguzda harman doldurjak pagta ýok, Ruhybelent etrabynda gowaçalaryň boýy 20 santimetr, beýleki etraplarda-da ýagdaýlar öwerlik däl” diýip, habarçy daşoguzly ençeme pagtaçy kärendeçiniň sözlerine salgylandy.

Daşoguzda ýyldan-ýyla bugdaý we gowaça beýleki welaýatlardan tapawutlylykda giç ekilip, giç hasyl ýygnalýar. Ýerli agronomlar bu ýagdaýy demirgazyk regionyň howa şertleri bilen düşündirýärler.

Öňňin “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” neşir ýurduň beýleki käbir regionlarynda pagta ýygymyna 15-nji awgustda girişilendigini, onda mejbury zähmetiň göze ilýändigini habar berdi.

“Ilkinjilik bilen döwlet edaralarynyň tehnik işgärleri; mekdepleriň, çagalar baglarynyň, saglyk öýleriniň, hassahanalaryň, egirme-dokma fabrikleriniň, öý dolandyryş edaralarynyň, poçta gulluklarynyň, banklaryň we beýleki edaralaryň işgärleri pagta meýdanlaryna çekildi” diýip, neşir ýazdy.

Türkmenistan garaşsyzlyk ýyllarynda-da, Sowet döwründe-de pagtaçylyga döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berip geldi.

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän halkara hukuk toparlary Türkmenistanyň pagta meýdanlarynda mejbury zähmetiň, şol sanda çaga zähmetiniň ulanylýandygyny aýdýarlar.

2016-njy ýylyň fewral aýynda dünýä belli “H&M” kompaniýasy, ýörite beýanat ýaýradyp türkmen pagtasyndan ýüz öwürdi. Ol bu kararyny Türkmenistanyň gowaça meýdanlarynda çaga zähmetiniň ulanylýandygyna esaslandyrdy.

Şol ýylyň maý aýynda ýaýradan beýanatynda Şwesiýanyň “IKEA” kompaniýasy Türkmenistanda pagta ýygymy döwründe mejbury zähmet ýa-da adam hukuklarynyň depelenmegi ýaly ýagdaýlar ýüze çykan halatynda özüniň türkmen pagtasyndan ýüz öwrüp biljekdigini duýdurdy.

2016-njy ýylyň iýun aýynda belli-meşhur global markalar, “Adidas”, “Espirit”, “H&M”, şeýle-de sermaýaçylar, biznes jemgyýetleri, kärdeşler arkalaşyklary, hem-de adam hukuklaryny goraýjy toparlardan düzülen 60 wekil Türkmenistanyň prezidentiniň adyna hat ýollap ýurduň pagta meýdanlaryndaky mejbury zähmete alada bildirdiler.

2018-nji ýylyň maý aýynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Gümrük gullugy Türkmenistanda öndürilen pagtanyň, şeýle-de Türkmenistanyň pagtasyndan taýýarlanan islendik ýurduň önümleriniň ähli görnüşiniň ABŞ-a import edilmegine gadagançylyk girizdi.

Türkmen resmileri pagta meýdanlarynda mejbury zähmetiň ulanylýandygyny ret edýärler.

TAH-yň habar bermegine görä, Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasynda adam hukuklary boýunça şu ýylyň 21-nji iýunynda Brýusselde geçirilen maslahatda türkmen resmileri ÝB-niň pagta meýdanlary boýunça aýdan belliklerine oňaýsyz çemeleşip, bu ýagdaýy tutuşlygyna ret edipdirler. Şonda türkmen wekiliýetine baştutanlyk eden Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew ýurtda mejbury zähmetiň ulanylýandygyny çürt-kesik inkär edipdir.

Türkmenistanyň resmi metbugaty heniz ýurtda pagta ýygymyna girişilmegi barada maglumat ýaýratmady.

XS
SM
MD
LG