Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Importy azaltmaga synanyşýan Türkmenistan bananyň ilkinji hasylyny almaga taýýarlanýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmen tekeçileri şu ýylyň dekabr aýynda bananyň ilkinji hasylyny almaga taýýarlanýar diýip, Azerbaýjanyň “Trend” habar agentligi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigine salgylanyp habar berýär.

Читайте также на русском

Neşiriň 20-nji awgustda çap eden habaryna görä, Türkmenistandaky “Ferhar” hojalyk jemgyýeti ýurduň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda bir gektar meýdana ýyladyşhanalary gurnap, bu ýerde banan nahallaryny ösdürip ýetişdirýär.

Aýdylmagyna görä, 8,6 metr beýikligindäki ýyladyşhanalarda ýetişdirilýän banan nahallary Türkiýeden import edildi. Telekeçiler bananyň ilkinji hasylyny dekabryň ortalarynda ýygnamagy we ondan 30-40 tonna banan almagy planlaşdyrýarlar.

Maglumat üçin aýtsak, geçen ýylyň ilkinji dört aýynda Türkmenistan Eýrandan banany iň köp import eden ýurtlaryň başynda ýerleşdirildi. Şonda Eýranyň gümrük edarasy bahasy 1,3 million amerikan dollaryna barabar bolan 1,670 tonna bananyň Türkmenistana, Türkiýä we Katara eksport edilendigini mälim etdi.

Sowuk çöllük, ýagny tomusda aşa yssy we gurak, gyşda aşa sowuk we gurak klimata eýe bolan Türkmenistan adatça diňe banan ýaly tropiki miweleri däl, eýse ukrop, petruşka, alma, hyýar, pomidor ýaly ýurtda ösdürip, ýetişdirip bolýan gök-bakja önümleriniň hem aglabasyny daşary ýurtlardan import edýär.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtlardan import edilýän gök-bakja önümlerine millionlarça dollaryň harçlanýandygyny aýdyp, ony azaltmagy we importyň öwezini tutýan önümleri has köp öndürmegi talap edýär.

Prezidentiň hökümet maslahatlarynda edýän çykyşlaryndan çen tutulsa, ol bu meseläniň çözgüdini Senagatçylar we telekeçiler birleşigine ýer bermek, ýyladyşhana gurmak bilen çözjek bolýana çalym edýär.

Türkmen lideri daýhanlaryň ýokary hilli, daşary ýurtlara eksport edip boljak önümleri öndürmegi üçin döwlet tarapyndan ähli zerur şertleriň döredilendigini hem wagtal-wagtal tekrarlaýar.

Emma Azatlyk radiosynyň çeşmeleri we kärendeçi daýhanlar ýurduň iň ýönekeý azyk önümleri babatynda hem daşary ýurtlara garaşly bolmagynyň sebäplerini iki ýagdaý bilen düşündirýärler. Olaryň birinjisi, ýurtda kärendeçileriň nämäni ösdürip ýetişdirmelidiginiň döwlet tarapyndan kesgitlenilmegi, ýagny köplenç pagta, bugdaý ýa-da şugundyr ekmeli bolýan daýhanlaryň çäklendirilmegi bilen baglanyşykly. Ikinji tarapdan bolsa, kärendeçileriň ýer, suw, dökün, tehnika babatdaky kynçylyklary hem ýylyň-ýylyna dowam edýär.

Bu çäklendirmeleriň we kynçylyklaryň fonunda, ýurduň bazarlarynda we söwda dükanlarynda ýerli we daşary ýurt azyk harytlarynyň gymmatlamagy hem dowam edýär.

Aşgabatda ýaşaýan raýat aktiwisti Nataliýa Şabunts ýurtda ilatyň alýan aýlygy ýa-da pensiýa haky bilen bazardaky bahalaryň gabat gelmeýändigini aýdyp, olaryň ýaşaýjylaryň aglaba bölegi üçin elýeterli däldigini aýdýar.

“Ýurtda ortaça pensiýa haky 450 manada barabar, ýöne bizde aýda 180 manat pensiýa alýan pensionerler hem bar. Pensionerleriň köpüsine iň zerur, ýönekeý harytlaryň hem aglabasy elýeterli däl. Soňky 20 ýyl bäri bizde iň meşhur azyk harydy towuk budy bolup, ony iýer ýaly däl. Ýöne ol her nähili hem bolsa arzan. Men ony hemişe satyn alýaryn. Bazarlarda bolsa, hamana, arzançylyk diýdirmek üçin harytlaryň ýüzünde arzan baha ýazmak, satanda bolsa, ony tas ýarym esse gymmada satmak däbi hem dowam edýär. Ýöne bu hakykaty üýtgetmeýär” diýip, Şabunts belledi.

XS
SM
MD
LG