Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda müňläp ekilen agaç nahallary guraýar


Aşgabadyň eteginde ekilen agaç nahallarynyň arasynda guran arçalaryň biri
Aşgabadyň eteginde ekilen agaç nahallarynyň arasynda guran arçalaryň biri

Garaşsyzlyk ýyllary Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda, esasan-da, Aşgabadyň eteklerinde her ýylda on müňlerçe düýp agaç nahallarynyň oturdylýandygy barada metbugatda we radio-telewideniýede yzygiderli mahabatly maglumatlar berilýär.

Elbetde, oturdylýan agaç nahallarynyň kök urup, boý alyp, gök tokaý zolaklaryny emele getirýän ýerlerine hem kän duş gelse bolýar. Şeýle gök zolaklary, esasan, magistral ýollaryň ýakalarynda görse bolýar.

“Emma ol ekilýän agaçlaryň aglabasy gurap gidýär we her ýylda bag ekmek möwsüminde şol bir ýerlere gaýtalap-gaýtalap täzeden agaç nahallary oturdylýar we plança düýp agaç nahallary ekildi diýip, maglumat berilýär” diýip, Aşgabadyň ýaşaýjysy 55 ýaşly Perdeli aga aýdýar.

Onuň sözlerine görä, baglaryň guramagynyň esasy sebäbi suw ýetmezçiligi bolup durýar. Magistral ýollaryň ýakalaryna göze görnüp duran ýerlere ekilýän baglara ideg edilýär. Şolaryň arasynda hem gurap gidýänlerini görse bolýar.


Ýöne görer gözden daşrak, dag gerişlerinde, baýyrlarda, esasan-da, Aşgabadyň demirgazyk çöllük böleginde ekilýän agaç nahallarynyň her ýylda üçden birisi hem düýp tutmaýar. Sebäbi suw ýetenok. Suw bolmadyk ýerde bolsa, arça agaçlary asla kök urup bilmeýärler.

“Egerde Türkmenistanyň howa şertlerine çydamly tut, tal ýa bolmasa miwe berýän alma, erik ýaly miweli agaçlar ekilende arça agaçlaryndan has gowy kök urup, ilatyň azaby ýerine düşerdi. Emma emeldarlaryň bar bileni-biteni arça, ýa bolmasa Türkmenistanyň howa şertlerine çydamsyz agaçlary daşary döwletlerden getirip, döwlet gaznasyna çykdaýjy etmek” diýip, Perdeli aga dowam edýär.

Aşgabadyň daş-töwereginde banklara, ähli ministrliklere degişli 100-läp gektar ýerlere bag ekmäge görkezme berilýär. Ol gektarlara her ýylda täze gektarlar goşulýar.

Welaýatlardan işgärleri işinden goýup, özlerine degişli ministrlikleriň eken baglaryna gözegçilik etmäge Aşgabada ugradýarlar. Olar gelip meýdanlardaky wagonlaryň içinde ýatyp-turup, bag ekýärler, ýa ekilen baglara gözegçilik edýärler.

Ol baglaryň agramly bölegi bolsa, tomsuň ortasynda suw ýetmezçiliginden gurap gidýär diýip, bag ekilen meýdanlarda “Gaz-52”, “Zil” ýaly suw çekýän maşynlaryň hem hatardan çykyp, meýdanlarda dargap durandygyna ünsi çekýär.

Kelatada ýerleşýän sement zawodynyň golaý-goltumynda ekilen agaçlaryň arasynda şeýle sandan çykan awtoulaglaryň ençemesiniň dargap ýatandygynyň şaýady bolandygyny hem ol sözüne goşýar.

“Suw çekmäge suw maşynlary hem ýeterlik däl, sebäbi olary bejerip abatlamaga hem edaralarda serişde ýokdugy aýdylýar. Hem ekilen baglar gurap, hem tehnikalar dargap, döwlete näçe zelel gelýär. Ýöne bu zatlara gözegçilik ýok” diýip, Perdeli aga aýdýar.

XS
SM
MD
LG