Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ykdysady kynçylyklaryň fonunda Awazada kazino, Owadandepede ‘benzin zawody’ gurulýar


“Awaza” syýahatçylyk zolagy
“Awaza” syýahatçylyk zolagy

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Rönesans Holding kompaniýasynyň başlygyny kabul etdi diýip, 16-njy maýda TDH habar berdi. Bu kompaniýa Owadandepede gazdan benzin öndürýän zawod gurýar. Şol bir wagtyň özünde, türkmenistanly häkimiýetler golland kompaniýasyna Awazada humar oýnalýan kazino gurdurmakçy bolýar.

Görnüşinden, Türkmenistan ýurda ykdysady ysgynsyzlygyň abanýan wagty, gymmatbahaly desgalaryň we uly möçberde serişde sarp edilip bina edilýän taslamalaryň gurluşygyna säginmezden dowam edýäne çalym edýär.

Duşuşygyň barşynda Rönesansyň ýolbaşçysy “dünýäde deňi-taýy bolmadyk möhüm desgany — Ahal welaýatynyň Owadandepe diýen ýerinde tebigy gazdan ýokary hilli awtomobil benzinini öndürýän zawody gurmak boýunça” alnyp barylýan işleriň ýerine ýetirilişi barada prezidente habar berdi diýip, türkmen metbugaty belleýär.

Habarda aýdylmagyna görä, prezident gazy gaýtadan işleýän zawodyň ähmiýetini belläpdir we Rönesansyň ýolbaşçysynyň ünsüni “ähli işleriň ýokary hilli we şertnamada bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmegini üpjün etmegiň möhümdigine” çekipdir.

Aşgabadyň iri gurluşyk taslamalary boýunça türkmen hökümeti bilen şertnama baglaşan käbir daşary ýurtly kompaniýalaryň hökümetiň tölege ukypsyzlygy sebäpli özlerine tabşyrylan gurluşyklara henizem girişmändigini Azatlygyň çeşmeleri düýn habar berdi. Olaryň hatarynda Fransiýanyň “Buig” kompaniýasy we türk kompaniýalary agzalýar.

Beýleki bir tarapdan, “Strom International” golland kompaniýasy Awazada kazino gurmaga gyzyklanma bildirýär.

Metbugat habarlaryndan mälim bolşuna görä, 8-nji maýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy Aleksandr Dadaýew agzalýan kompaniýanyň ýerine ýetiriji direktory Darren Kim bilen duşuşypdyr. Ol “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda kazino gurmaga gyzyklanma bildirýär diýip, Sng.today neşiri 16-njy maýda habar berdi.

Ýöne agzalýan taslamalar boýunça habarlaryň metbugatda peýda bolýan wagty, Azatlygyň ýagdaýlardan habarly çeşmesiniň maglumatlaryna görä, türkmen hökümeti şertnama laýyklykda, käbir daşary ýurtly kompaniýalara ynanylan proýektler üçin tölenmeli başlangyç tölegleri hem geçirip bilmeýär. Çeşmäniň habar bermegine görä, “Buige” we türk kompaniýasyna ynanylan taslamalaryň umumy töleginiň hatda 10 %-i hem geçirilmedi. Şertnama laýyklykda, tölegiň azyndan 20-30%-i öňünden gurluşygy ýerine ýetirýän firma geçirilmeli.

“Gurulmaly myhmanhana işi berlende türkmen hökümeti şertnama gol çekilen badyna tutuş edilmeli işiň [töleginiň] 20-30%-ni işi alyp barjak firma geçirmeli. Emma häzirki wagtda agzalýan töleg walýutada bolansoň, hökümet üçin [firmalara] töleg etmek kyn düşýär. Başdaky ujypsyzja tölegleri geçirip bilmeýän hökümet bilen, elbetde, Bougues ýaly ýewropaly firmalaryň işleşesi gelmese gerek” diýip, Azatlygyň ýagdaýdan habarly çeşmesi aýtdy.

Ol agzalýan gurluşyklaryň mundan 1-2 aý ozal başlamalydygyny, ýöne töleg bilen bagly dörän “çigin” sebäpli işleriň saklanyp gelýändigini aýtdy.

Azatlygyň paýtagtdaky ikinji çeşmesi hem öňe sürülýän gürrüňleri tassyklap, hususan-da, “Buigiň” işe başlamak üçin “howlukmaýandygyny” aýtdy:

“Maňa mälim bolşuna görä, hasaplaşygyň görnüşi boýunça ylalaşyp bilmänsoň, fransuzlaryň “Buig” kompaniýasy işe girişmäge howluganok” diýip, ýagdaýdan habarly çeşme tassyklady.

Öňe sürülýän habarlaryň peýda bolýan wagty, Awazada bina edilmegi göz öňünde tutulýan kazinonyň haýsy serişdeleriň hasabyna guruljakdygy, Owadandepede gazdan benzin öndürjek zawodyň şertnamada bellenen möhletde tamamlanyp tamamlanmajagy nämälimliginde galýar.

XS
SM
MD
LG