Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gülençidigi güman edilýän türkmeniň sudy dowam edýär


Türk resmileri Fethullah Güleniň toparyny 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda Türkiýede başa barmadyk döwlet agdarylyşygyny gurnamakda aýyplaýarlar.
Türk resmileri Fethullah Güleniň toparyny 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda Türkiýede başa barmadyk döwlet agdarylyşygyny gurnamakda aýyplaýarlar.

Türkiýäniň Kyrklareli diýen ýerinde gülençileriň adalat edaralaryndaky guramaçylygyny ýola goýmakda aýyplanýan 10 sany tussagyň nobatdaky sud işi dowam etdirilýär. Olaryň arasynda gülençidigi güman edilýän türkmenistanly raýat Ygtyýar Annaýewiň hem bardygyny türk metbugaty habar berýär. Nobatdaky sud jemlenişigine garan respublikan sülçüsi 10 güman edilýäniň tussaglyk ýagdaýynyň dowam etmegine karar berdi.

Türkiýäniň köp tiražly "Milliýet" gazetiniň ýazmagyna görä, Kyrklareliniň 2-nji agyr jeza kazyýetinde 15-nji noýabrda geçirilen üçünji sud jemlenişiginde, dinçi Fethullah Güleniň toparynyň "ByLock" atly gizlin aragatnaşyk ulgamyny ulanandygy öňe sürlüp aýyplanýanlar bilen bir hatarda, kazyýet we tussaghana işgärleri, tussaglykdaky, şeýle-de erkinlikdäki aýyplanýanlaryň aklawçylary gatnaşdy. Tussaglykdaky 5 güman edilýän suduň zalyna tussaghananyň işgärleriniň garamagynda getirildi. Tussaglykdaky galan 5 güman edilýän bilen erkinlikdäki 4 aýyplanýan bolsa wideo şekilli ulgam arkaly sud jemlenişigine gatnaşdyryldy.

Kazyýete hödürlenen resminamalar bilen bilelikde şaýatlaryň düşündirişleriniň okalmagy bilen başlan sud jemlenişiginde, respublikan sülçi Osman Bekmezçi derňewiň netijesini okady. Sülçi Bekmezçi kazyýetdäki çykyşynda gülençidigi güman edilýän türkmenistanly Ygtyýar Annaýew bilen 9 sany türk raýatynyň tussaglyk ýagdaýynyň dowam etmegini sorady. Aýyplanýanlar hem 15-nji noýabrda geçirilen nobatdaky sud jemlenişiginde, özlerine garşy kazyýete hödürlenen resminamalara we öňe sürülýän aýyplamalara garşy çykyş etdiler. Gülençi bolmakda aýyplanýan türkmenistanly Ygtyýar Annaýew bilen beýleki türk raýatlarynyň sud jemlenişigi şu gün hem dowam eder.

Sülçi Osman Bekmezji şu ýylyň 28-nji aprelinde Kyrklareliniň 2-nji agyr jeza kazyýetiniň geçiren owalky sud jemlenişiginde bolsa, gülençidigi güman edilýän türkmenistanly Ygtyýar Annaýew hakynda goşmaça aýyplama hödürlemek bilen onuň Fethullah Gülen toparyna degişli bir umumy ýaşaýyş jaýynda terbiýeçi bolup işländigini, şonuň ýaly-da gülençileriň "ByLock" atly gizlin aragatnaşyk ulgamyny ulanandygyny öňe sürüp, "türk raýaty bolmany sebäpli daşary ýurda gaçaýmagy ahmal, şonuň üçinem tussaglykda sud edilmeli" görnüşinde karar kabul edipdi.

Ygtyýar Annaýew bolsa özüne garşy öňe sürülýän aýyplamalary red edip, özi saklanandan soň ýaşan öýünde tapylan gülençilere degişli kitaplaryň özüne degişli däldigini, şeýle-de, agzalýan umumy ýaşaýyş jaýynda diňe düşlemek maksady bilen bolandygyny aýdypdy. Annaýew şonda özüniň Türkiýede 6 aýdan bäri erkin bilim almak hukugyndan hem mahrum edilendigini öňe sürüpdi. Gülençidigi güman edilýän Ygtyýar Annaýew şondan bäri tussaglykda sud edilýär.

Gepiň gerdişine görä ýatlasak, türk metbugatyndaky habarlarda gülençidir diýlip tussag edilýänleriň arasynda türkmenistanly raýatlara hem duş gelinýändigine üns çekilýär. Şu ýylyň 10-njy aprelinde Kütahýa şäherinde gurnalan bir operasiýada, Türkiýede gülençileriň özara aragatnaşyk üçin ulanýan "ByLock" atly gizlin habar alyş ulgamyny ulanýandygy kesgitlenen, Dumlupynar uniwersitetinde okaýan Türkmenistanyň raýaty S.B. atly bir türkmen studenti hem saklanypdy. Dekabr aýynda geçirilen bir operasiýada bolsa gülençileriň uniwersitetde studentleriň arasynda agitasiýa işlerini alyp barýan "tagallaçysy" bolmakda aýyplanýan bir türkmenistanly talyp tussag edilipdi.

Belläp geçsek, Fethullah Gülen topary 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda Türkiýede başa barmadyk döwlet agdarylyşygyny gurnamakda aýyplanýar. Güleniň ýolbaşçylygyndaky "Hyzmat" hereketiniň Türkiýeden daşaryn dürli ýurtlarda, şol sanda Türkmenistanda hem dürli okuw jaýlarynyň bolandygy aýdylýar. Olardan Aşgabatda ýerleşýän Türkmen-Türk uniwersiteti hem ýapylyp, soň Türkmenistanda Gülen bilen ilteşiklidir öýdülýän telekeçiler tussag edilipdi.

Sözi jemläp aýtsak, ýokardaky ýagdaýlar boýunça türkmen häkimiýetlerinden nähilidir bir kommentariýa ýa-da maglumat almak Azatlyk Radiosyna başartmaýar. Türkmenistanyň resmi metbugaty hem bular barada hiç zat aýtmaýar.

XS
SM
MD
LG