Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mugallymlar dynç alşa goýberilmeýär


Arassalaýyş işlerine gatnaşdyrylýan mugallymlar. Arhiw suraty
Arassalaýyş işlerine gatnaşdyrylýan mugallymlar. Arhiw suraty

Aşgabat şäheriniň orta, ýörüte we ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary 2017-nji ýylyň tomusky dynç alyş zähmet rugsadyna göýberilmediler.

Adynyň efirde tutulmazlygyny soran, Aşgabadyň çeperçilik akademiýasynyň mugallymasynyň aýtmagyna görä, akademiýanyň mugallymlary bäşinji Aziýa oýunlary bilen bagly, bu ýylky zähmet rugsadyna çykyp bilmändirler.

“Bize zähmet rugsadyna çykmagymyz barada arza ýazdyrdylar, ýöne her gün günortana çenli öz iş orunlarymyzda bolmalydygymyz barada ýolbaşçylar tarapyndan görkezme berildi.

Irden işe gelip, günortana çenli iş ýerimizde bolýarys. Öýleden soňra hem şäherden çykyp gitmeli däldigimiz barada görkezme berýärler. “Işgärleriňi ýygna diýip,ýokardan buýruk gelse, men sizi nireden tapaýyn, şol sebäpli öýüňizden uzaga gitmäň” diýip, ýolbaşçylar buýruk berdiler.

Iş ýeriňi eliňden gidermejek bolsaň, görkezmä boýun bolmaly bolýarsyň, alajymyz ýok, bu ýylky zähmet rugsadymyzyň köýdügi bolýar. Çagalary dynç almaga deňiz kenaryna alyp gitmek baradaky planlarymyz hem puja çykdy. Diňe bir özüň däl, mekdep ýaşly çagalaryň hem öýden uzaga gitmeli däl diýen görkezme bar” diýip mugallyma zenan aýdýar.

2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlary bilen bagly, Awaza dynç alyş zonasynyň hem ýapyklygyny ýaşaýjylardan eşitse bolýar.

Diňe bir bilim işgärleriniň däl, ähli edara-kärhanalaryň işgärleriniň hem Aziýa oýunlary geçýänçä, dynç alyş rugsadyna goýberilmeýändigini edara-kärhanalaryň işgärleri aýdýarlar.

“3-nji iýuldan başlap, mekdep okuwçylarynyňam, talyplaryňam, edara-kärhananyň işgärleriniňem ýörite marşirowkalara başlamalydyklary barada aýdylandygyny hem işgärler tassyklaýarlar.

Kim nirede durmaly, haýsy edara-kärhana nähili maşklary ýerine ýetirmeli, bu zatlara öňünden taýýarlyk üçin, marşirowkalara başlamaly.

Howanyň şu yssysynda şeýle marşirowkalaryň adam saglygyna nähili täsiriniň boljakdygyny öňünden aňlamaýarlar” diýip, mugallyma gelin zeýrenýär.

“Beýleki edara-kärhanalaryň işgärleri Aziýa oýunlaryndan soňra hem zähmet rugsadyny alyp ýetişerler. Emma magaryf işgärleri üçin bu mümkinçilik bolmaz. Aziýa oýunlaryndan soňra, okuwlary dowam etdirmeli bolarys. Ynha, bize Aziýadanyň berjek höziri” diýip, magaryf işgärleri aýdýarlar.

3-nji iýuldan başlap marşirowkalara başlamak barada gürrüň edilse-de, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, Aziýa oýunlaryna gatnaşmaly meýletinçileriň şu günlerem yzy üzülmeýän taýýarlyklara çekilýändiklerini, bu çäreleriň bolsa çärä gatnaşýanlar üçin, juda agyr düşýändigini ýaşaýjylar nygtaýarlar.

XS
SM
MD
LG