Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň täze aeroportyny dolandyrmak boýunça halkara tender bäsleşigi ‘yglan edildi’


Aşgabadyň täze halkara aeroporty
Aşgabadyň täze halkara aeroporty

Türkmenistanyň “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy “Aşgabatdaky halkara aeroporty dolandyrmak” boýunça halkara tender bäsleşigini yglan etdi diýip, “Gündogar” neşiri habar berýär.

Neşiriň Türkmenistanyň resmi mediasyna salgylanyp berýän maglumatyna görä, halkara tender bäsleşiginiň geçiriljekdigi baradaky maglumat 31-nji maýda köpçülige ýetirildi. Emma bu tender bäsleşiginiň şertleri we düzgünleri anyk mälim edilmedi.

“Gündogar” neşiriniň penşenbe güni çap eden maglumatynda, soňky bir ýylyň dowamynda “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň paýtagtdaky halkara aeroportyň hyzmat ediş ulgamy boýunça tender bäsleşiginiň ençemesiniň geçirilýändigini yglan edendigini aýdýar.

Olaryň arasynda uçarlarda hödürlenjek azyk-iýmitleri taýýarlamak, halkara aeroportda “duty free” dükanlarynyň ulgamyny döretmek, onlaýn internet arkaly biletler satyn alnanda nagt bolmadyk görnüşde pul hasaplaşygyny amala aşyrmak ýaly hyzmatlar bar bolsa-da, şol tender bäsleşikleriniň netijeleri baradaky maglumatlaryň henize çenli halk köpçüligine ýetirilmeýändigini agzalýan neşir belleýär.

Mälim bolşy ýaly, Aşgabatda gurlan guşuň şekilindäki täze halkara aeroporty geçen ýylyň 17-nji sentýabrynda türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilen uly dabara bilen açylypdy. Dünýäniň iň gymmat aeroportlarynyň biridigi aýdylýan bu howa menziliniň gurluşygy üçin 2,3 milliard amerikan dollary möçberinde maliýe serişdesi harçlandy.

Aeroport açylandan birnäçe aý soň Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleri bu täze aeroportyň esasy binasynyň çöküp başlandygyny, munuň netijesinde binanyň aýnalarynyň çat açandygyny we aragatnaşyk ulgamlarynyň sandan çykandygyny habar beripdiler.

Şonda Azatlygyň söhbetdeşi näsazlygy aradan aýyrmak boýunça ýörite Komissiýanyň esaslandyrylandygyny we onuň düzümine ýerli we daşary ýurtly, şol sanda binalaryň çökmegini öwrenýän hünärmenleriň girizilendigini belläpdi.

Bu wakadan birnäçe aý soň, ýagny şu ýylyň martynda Berdimuhamedow “Türkmenhowaýollary” gullugynyň işine nägilelik bildirdi. Şonda prezident mundan ozalam ýerli howa ýollarynyň ösdürilmegi boýunça degişli tabşyryklary berendigini ýatladyp, bu ugurdaky işleriň “haýal alnyp barylýandygyndan” kanagatsyzlanypdy.

Galyberse-de, 1992-nji ýylda esaslandyrylan “Türkmenhowaýollary” gullugy ýolagçylara edilýän hyzmatyň hili boýunça halkara derejesinde geçirilýän reýtinglerde adatça pes bahalary alýar.

2015-nji ýylda “Skytrax” neşri iň erbet diýen bahany alan awiakompaniýalaryň 23-siniň sanawyny çap edip, “Türkmenhowaýollaryny” dünýäniň iň ýaramaz awiakompaniýalarynyň hataryna girizipdi.

“BBC news” agentliginiň statistikalarynda bolsa, geçen ýyl dünýäniň onlarça şäherine halkara uçuşlaryny amala aşyrýan “Türkmenhowaýollary” öz ýolagçylaryny iň köp garaşdyrýan şirket diýlip yglan edilipdi.

Şu ýylyň mart aýynda ozal döwlet eýeçiliginde bolan “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň Açyk aksioner jemgyýetine öwrüljekdigi yglan edilenden soň, maý aýynda uçar biletleriniň bahasy ortaça 20% gymmatlady. Bu çäreleriň pudagyň işini gowulandyrmaga ýardam etjekdigi aýdyldy.

Aşgabadyň täze aeroporty “Aziada-2017” oýunlaryna gabatlanyp açylyp, ol ýolagçy terminalynyň üçeginde şekillendirilen iň uly haly göli ornamenti bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna hem girizilipdi.

Bu aeroport sagatda 2000 we ýylda 17 million ýolagça hyzmat edip bilýär. Emma halkara guramalarynyň hasabatlarynda dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň biri hasaplanýan Türkmenistana ýylda 100 müň töweregi syýahatçy gelýär.

XS
SM
MD
LG