Türkmenistanyň prezidenti Gurbangulyh Berdimuhamedow 28-nji aprelde geçiren hökümet maslahatynda wise-premýer Maksat Babaýewe önümçilige hem-de sosial pudaga häzirki zaman energiýa tygşytlaýyş tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, şeýle-de “mawy ýangyjyň” ulanylyşyny hasaba almak sistemasy bilen meşgullanmak tabşyrygyny berdi. Bu barada TDH habar berýär.
Soňky ýyllarda Türkmenistanda hökümetiň guraýan syýasy çärelerinde ilata mugt ýa ýeňillikli bahadan berilýändigi aýdylýan gazyň, suwuň, elektrik togunyň pully bolmalydygy teklip edilýär.
Şol bir wagtda oba ýerlerinde ýaşaýan ýaşaýjylar suwy ýapdan getirdip, pul töläp içýändiklerini aýdýarlar.
Azatlygyň ýerli çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, mugt diýilýän gaz, tok we suw ölçeýji gurallary ýaşaýjylaryň öz hasabyna oturdýarlar.
“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň maglumatyna görä, häzir Daşoguzda Aşgabatdan baran ýörite komissiýa işleýär we olar adamlardan öz güýçleri bilen guran suw çykaryjy nasoslaryna hem ölçeýji goýmagy, ýer astyndan alan we hojalyk hajatlary üçin ulanýan suwlary üçin hem hasap bermegi talap edýärler.