Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

‘Ýimpaşyň’ jaýy Syýahatçylyk we bedenterbiýe institutyna ‘berildi’


Aşgabatdaky “Ýimpaş” söwda merkezi
Aşgabatdaky “Ýimpaş” söwda merkezi

Aşgabatdaky öňki “Ýimpaş” söwda merkeziniň jaýy ýurduň Syýahatçylyk we bedenterbiýe institutynyň eýeçiligine berildi diýip, “Hronika Türkmenistan” neşiri habar berýär.

Bu neşiriň öz ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp, 10-njy aprelde beren maglumatyna görä, häzirlikçe institutyň ýolbaşçylary bu binany näme etjekdiklerini bilmeýärler.

“Pul söwda merkezini diňe gaýtadan abzallaşdyrmak üçin däl, eýse, ýüzleý abatlaýyş işlerini geçirmek üçin hem ýok. Söwda nokatlarynyň arenda, ýagny kireýine berilmegi ähtimal” diýlip, neşiriň maglumatynda nygtalýar.

Belläp geçsek, mundan üç aý çemesi ozal Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary bu söwda merkeziniň Syýahatçylyk we bedenterbiýe institutynyň eýeçiligine berilýändigi barada habar beripdiler. Şonda Azatlyk Radiosyna bu maglumaty garaşsyz çeşmelere we türkmen häkimiýetlerine tassyklatmak başartmandygy üçin, bu barada köpçülige habar bermekden saklanypdy.

Hiç hili gymyldy hereket ýok

Aşgabatly synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň Syýahatçylyk we bedenterbiýe institutynyň käbir mugallymlaryna salgylanyp berýän maglumatyna görä, bu institutyň ýolbaşçylaryna öňki “Ýimpaş” söwda merkeziniň jaýynyň beriljekdigi şu ýylyň ýanwar aýynda mälim edildi.

“Syýahatçylyk we bedenterbiýe institutyndaky tanyş-biliş mugallymlarymyzdan soranymyzda, ‘Ýimpaşyň’ özlerine berilýändigini aýtdylar. Sebäbi köçäniň demirgazyk tarapynda Syýahatçylyk we bedenterbiýe instituty, günorta-ileri tarapynda-da öňki ‘Ýimpaş’ söwda merkezi ýerleşýär” diýip, Amanmyrat Bugaýew gürrüň berdi.

Ol edil häzirki wagtda “Ýimpaş” söwda merkezinde we täjirçilik merkezinde hiç hili gymyldy hereketiň ýokdugyny, bu iki binanyň hem ýapyklygyna galýandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Türk işewürleriniň eýeçiligindäki “Ýimpaş” söwda merkezi we onuň ýanyndaky täjirçilik merkezi türkmen häkimiýetleri tarapyndan geçen ýylyň dekabr aýynda ýapylypdy. Bu waka “Ýimpaş” söwda merkeziniň dürli basyşlara sezewar edilýändigi barada maglumatlaryň peýda bolmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, şonda türkmen häkimiýetleri “Ýimpaş” söwda merkeziniň we täjirçilik merkeziniň türkiýeli resmilerini türk dini ruhanysy Fethullah Güleniň hereketi bilen ilteşigi bolmakda aýyplady. Emma bu aýyplamalar türkmen häkimiýetleri tarapyndan hiç haçan resmi derejede yglan edilmedi.

Kompaniýa derejesinde kabul edilen karar

Şol bir wagtyň özünde-de, türk işewürleriniň eýeçiligindäki “Yimpaş” söwda merkezine edilen basyşlar we onuň ýapylmagy Türkiýede iýul aýynda başa barmadyk döwlet agdarylyşygy synanyşygyndan soňra, türk ruhanysy Fethullah Gülen bilen ilteşikli edaralaryň beýleki ýurtlarda bolşy ýaly Türkmenistanda hem ýapylmagynyň yzýanyna gabat geldi.

Geçen ýylyň dekabr aýynda Azatlyk Radiosy “Ýimpaş” söwda merkeziniň we täjirçilik merkeziniň durumy bilen bagly maglumat sorap, “Ýimpaş Holding” kompaniýasynyň Türkiýedäki baş edarasyna ýüz tutupdy. “Ýimpaş Holdingiň” jogapkär resmisi bu mesele dogrusynda media serişdelerine hiç hili maglumat bermezlik barada özleriniň kompaniýa derejesinde karara gelendiklerini aýdypdy.

Edil häzirki pursatda, türkmen häkimiýetleri tarapyndan bu söwda we täjirçilik merkeziniň soňky ykbaly barada kommentariý almak başartmady. Türkmenistanyň media serişdeleri tarapyndan hem bu söwda merkeziniň durumy barada ilat köpçüligine maglumat berilmeýär.

Emma “Ýimpaş” söwda merkeziniň ýapylmagyndan soň, onuň ýumruljakdygy we deregine uly göwrümli awtoduralganyň guruljakdygy ýa-da başga at bilen gaýtadan açyljakdygy barada resmi bolmadyk maglumatlar hem peýda bolupdy.

1999-njy ýylda açylan “Yimpaş” söwda merkezi 20 000 m2 ýapyk meýdanda ýerleşýär. 2007-nji ýylda ulanyşa berlen “Yimpaş Täjirçilik” merkezi 18 000 m2 meýdany eýeläp, onda “Türk Howa Ýollary”, Ýewropanyň banky, Germaniýanyň Kommerzbanky we Ýaponiýanyň “Itoçu” şereketleri bilen bir hatarda jemi 64 sany daşary ýurt we ýerli şereketleriň edaralary ýerleşýärdi.

XS
SM
MD
LG