Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda ýaş jübütler “awlanýar”


Aşgabadyň seýilgähleriniň birindäki oturgyçda dynç alýan ýaşlar.
Aşgabadyň seýilgähleriniň birindäki oturgyçda dynç alýan ýaşlar.

Aşgabadyň köçelerinde öz dogany ýa familiýasy bir bolmadyk ýaş ýigitleriň we ýaş gyzlaryň bile barýan pursatlary ele salynsa, olaryň polisiýa bölümlerine alnyp gidilýändigi barada maglumatlar bar.

Özüni Maksat diýip tanyşdyran, Aşgabadyň ýokary okuw mekdepleriniň biriniň talyby bu gelşiksiz ýagdaýlaryň soňky bir aýyň dowamynda ýüze çykyp başlandygyny aýdýar.

“Talyplaryň okuwdan ýa çäreden soňra öz kursdaş oglan-gyzlary bilen awtobusa, taksilere münüp, umumy ýaşaýyş jaýlaryna bile gaýdýan pursatlary, spektakllara tomaşa etmäge, medeni merkezlerde geçirilýän konsertdir beýleki çärelere hem bile gidilýän pursatlary kän bolýardy.

Talyplyk döwrüniň iň ajaýyp pursatlary hasaplanýan oglan-gyzlaryň gezelençlere çykyp, seýilgählerde dynç alýan, okuw hakda, durmuş hakda pikir alyşýan pursatlary hem az bolmaýar.

Muny talyplygy başdan geçiren her bir adam bilýändir. Bu durmuşyň-ýaşaýşyň hem kanuny. Emma soňky döwürlerde bu gatnaşyklaryň ählisine gadagançylyk girizlip başlandy” diýip, Maksat aýdýar.

Onuň sözüne görä, seýilgählerde ikiçäk oturan oglan-gyzlary polisiýa işgärleri ele salaýsalar, olary soraga çekip, beýle gatnaşyklar gaýtalanaýsa okuwdan çykaryljakdygy barada haýbat atýarlar.

“Seýilgähde däl, köçede ikiçäk ýöräp barýan bolsaňam, saklap seniň kimdigiň, nirede ýaşaýandygyň, nirede okaýandygyň bilen gyzyklanyp, familiýaň we hatda bile barýan oglan-gyzyň näme garyndaşlygy bar, olar bir doganmy ýa ýöne tanyşmy, şu zatlar anyklanyp soňra goýberilýär.

“Polisiýa işgärleriniň bu hereketlerinden gowulyga garaşmaýan talyp oglan-gyzlar biri-birine söýgi barada söz açmag-a däl, ýöne bir okuw ýa gündelik meseleler barada söz alyşmaga-da ýaýdanýarlar.

Hakykatda kämillik ýaşyna ýeten talyplaryň durmuş gurýanlary hem az bolmaýardy. Kanun muňa gadagançylyk girizmeýär. Polisiýa işgärleriniň talyplary kowalap ýörmeklerine haýsy kanunyň ýol berýändigi biz üçin juda düşnüksiz” diýip, ol sözüne goşýar.

Ýatladyp geçsek, ýakynda habar beriş serişdelerinde “Aşgabatda sölpi geýimliler saklanýar” diýen sözbaşy bilen makala çap bolupdy. Beýleki welaýatlardan Aşgabada gelýän ýaşaýjylaryň şahsyýeti anyklanyp, olaryň öz welaýatyna ugradylýandygy hem aýdylypdy.

Indi bu çäreleriň talyplar babatynda hem ulanylyp başlandygynyň talyplarda ýakymsyz täsirleri döredýändigi aýdylýar.

“Talyplyk döwri okamaga-da, göwün söýen oglan-gyzyň bilen pynhan syr alyşmaga-da her bir talybyň hukugy barmykan diýip düşünýärdik.

Soňky ýyllarda çäreler bilen surnukdyrylýan talyplaryň söýüşmek diýen zat asla ýatlaryna hem düşip baranok welin, indi okuwa ýa çärä barýan wagtyňda, köçede bile ýöremeklige-de gadagançylyk girizildi” diýip, bu çärelerdir gadagançylyklardan bez bolan talyplar zeýrenýärler.

Raýatlaryň garşysyna soňky girizilýän çäreleriň ählisiniň hem şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek bäşinji Aziýa oýunlary bilen baglydygyny aýdýan ýaşaýjylar hem kän.

Sözümiziň ahyrynda aýtsak, Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan studentlerden ençeme borçlary berjaý etmek talap edilýär. Beýleki talaplar bilen bir hatarda, olaryň okuwdan boş wagty awtoulag sürmegine ýa-da ýörite “rugsatnama” bolmasa, hepdäniň dynç alyş günleri umumy ýaşaýyş jaýlaryndan çykmagyna rugsat berilmeýär.

Şeýle-de, şu ýylyň ýanwar aýynda girizilen talaba laýyklykda, Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan studentler, aýratyn-da, gyz studentler dynç alyş döwri öýlerine diňe uçar bilen gidip-gelip bilýärler.

XS
SM
MD
LG