Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Dollar çäklendirmesi saglygyma howp salýar”


Altyn zerur bejergisini wagtynda alyp bilmese “ömürlik maýyp bolup galmak howpunyň bardygyny” aýdýar. Illýustrasiýa
Altyn zerur bejergisini wagtynda alyp bilmese “ömürlik maýyp bolup galmak howpunyň bardygyny” aýdýar. Illýustrasiýa

Türkmenistanda mümkinçiligi çäkli adamlaryň hökümetiň dollar söwdasyna girizen çäklendirmesinden soň, özleriniň daşary ýurtdaky bejergilerini dowam etdirip bilmeýändikleri aýdylýar.

2-nji derejeli maýyp, maryly Altyn (ady üýtgedilen – red.) Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde hökümetiň dollaryň resmi söwdasyny togtamagy bilen “gara bazardaky” dollaryň bahasynyň resmi 3,50 manatdan tas iki esse artandygyny, şol sebäpli-de göz öňünde tutulan möhüm bejergisini alyp bilmeýändigini gürrüň berdi.

“Meniň hassalygymy bärde [Türkmenistanda] bejerip bilmändikleri üçin, Moskwa gatnap özüme seretdirýärin. Biz satyp bolýan zadymyzy satyp, bergi edip, bejergim üçin pul topladyk. Bejerginiň birinji tapgyryny geçdik, emma indi dollaryň [resmi ýagdaýda] satylmaýandygy, gara bazarda hem onuň ýedi manada çenli ýetendigi sebäpli, bejergime pul ýetenok. Russiýada hiç kim manadyňy almaýar” diýip, 20 ýaşynyň içindäki Altyn gürrüň berdi.

Altyn ýerli banklara baryp, manady “Visa” kartlaryna resmi kursdan dollara öwrüp bermeklerini sorandygyny, emma bu haýyşynyň ýer tutmandygyny hem belläp geçdi.

“Bankda “Visa” kartlaryna [manady resmi kursdan dollara] diňe ähli dokumentleri düzüw bolan daşary ýurtdaky talyplara we söwdagärlere öwrüp berýändiklerini aýtdylar. Men ýagdaýymy düşündirip, munuň janym bilen bagly meseledigini aýtsamam; ‘bolanok’ diýip, ýüzümi alyp goýberdiler” diýip, Altyn gürrüň berdi.

Ol ýerli edaralara ýüz tutany bilenem “haraý” tapmandygyny aýdyp, eger-de zerur bejergisini wagtynda alyp bilmese “ömürlik maýyp bolup galmak howpunyň bardygyny” hem sözüne goşdy.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň Altynyň meselesi bilen bagly Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden nähilidir bir kommentariý almak synanyşyklary netije bermedi.

Galyberse-de, Azatlyk Radiosy bilen habarlaşýan türkmenistanlylar hökümetiň dollaryň resmi söwdasyna we konwertasiýsyna girizen gadagançylyklarynyň daşary ýurtda okaýan talyplara we söwdagärlere-de özüniň ýaramaz täsirini ýetirendigi dogrusynda maglumat berýärler.

Sözümiziň ahyrynda jemlesek, türkmen mediasy ýurtda “saglyk pudagynyň pajarlap ösýändigini” öňe sürse-de, Altyn ýaly raýatlaryň başdan geçirýän ýagdaýlary barada kelam agyz söz aýtmaýar.

XS
SM
MD
LG