Aşgabat bilen Balkan welaýatyny birikdirýän asfalt ýoluň mundan iki ýyl çemesi öň ulanyşa berlen böleginiň eýýäm hatardan çykyp başlandygy barada Azatlyk Radiosyna habarlar gelip gowuşýar.
Ýerli synçylaryň käbirleriniň aýtmaklaryna görä, uzynlygy ortaça 570 kilometre barabar bolan bu ýoluň gurluşygy indi 20 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýär. Türkmenistanyň “Awaza” syýahatçylyk zolagynda we Çelekeniň deňiz kenarynda dynç almak isleýän türkmenistanlylar hem şu ýoldan sapar etmeli bolýarlar.
Bu ýoluň soňky iki ýyllykda açylan täze böleklerinde emele gelen jaýryklaryň, oýuklaryň we çukurlaryň ýolagçylara we awtoulag sürüjilerine oňaýsyzlyklary döredýändigi aýdylýar.
Azatlyk Radiosy bu mesele bilen gyzyklanyp, geçen hepdäniň ahyrynda Balkan welaýatyna sapar eden aşgabatly ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.