Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Aziýa oýunlaryna ‘meýletin gatanç etmegi tabşyrdy'


Türkmenistanda döwlet we hususy kärhanalaryň işgärleriniň V Aziýa oýunlaryna ‘meýletin gatanç’ etmekleri barada prezidentiň ýörite kararynyň bardygy aýdylýar.
Türkmenistanda döwlet we hususy kärhanalaryň işgärleriniň V Aziýa oýunlaryna ‘meýletin gatanç’ etmekleri barada prezidentiň ýörite kararynyň bardygy aýdylýar.

Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti tarapyndan ýaýradylandygy aýdylýan hatda, döwlet we hususy kärhanalaryň işgärleriniň Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna ‘meýletin gatanç’ etmekleri barada prezidentiň ýörite kararynyň bardygy aýdylýar.

12-nji martda “Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiri Türkmenistanyň syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň ýurtda syýahatçylyk işi bilen meşgullanýan döwlet we hususy syýahatçylyk kärhanalara ugradandygy aýdylýan hatyň nusgasyny çap etdi.

Bu komitetiň başlygy Serdar Çolukow tarapyndan şu ýylyň 25-nji fewralynda gol goýlan hatda, Türkmenistanyň prezidenti G. Berdimuhamedowyň 2014-nji ýylyň 21-nji fewralyndaky No13505 belgili karary esasynda, V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň gaznasynyň döredilendigi ýazylýar.

“Prezidentiň 2015-njy ýylyň 10-njy oktýabryndaky No14439 belgili karary esasynda 'hemaýatkärleri we olardan Komitetiň gaznasyna gelip gowuşýan hemaýatkärlik gatançlaryny we ynsanperwerlik muzdsuz kömegini hasaba almak we ulanmak hakynda’ düzgünnama kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň prezidentiniň kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, kärhanaňyz tarapyndan meýletin gatançlary etmek esasynda, oýunlaryň guramaçylyk çykdajylary üçin zerur bolan Gaznanyň maliýe çeşmesini emele getirmekde ýardam bermegiňizi soraýarys” diýlip, hatda nygtalýar.

"Meýletin" kömek

Ýeri gelende bellesek, Azatlyk Radiosyna bu hatyň asyldygyny ýa-da däldigini garaşsyz çeşmelere we türkmen häkimiýetlerine tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmady.

Ýöne ýatladyp geçsek, Azatlyk Radiosy Aziýa oýunlaryna “meýletin kömek” diýlip, döwlet býujetinden aýlyk alýan käbir işgärleriň aýlyk haklaryndan tutulyp alynýandygy we türkmen telekeçileriniň döwletiň haýryna uly möçberde maliýe serişdesini geçirmäge mejbur edilýändigi barada habar beripdi.

Geçen ýylyň sentýabr aýynda Lebabyň merkezi Türkmenabat şäheriniň çagalar baglarynyň birinde terbiýeçi bolup işleýän, özüni Nargiza diýip atlandyrmagy haýyş eden ildeşimiz çagalar bagynyň direktorynyň Aziýa oýunlaryna kömek diýip, terbiýeçileriň aýlyklaryndan her aýda 200 manadyň tutulyp başlanjakdygyny duýdurandygyny habar beripdi.

Mundanam başga, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan gurluşyk kärhanalarynyň birnäçesiniň başlygy Aziýa oýunlary üçin “meýletin” görnüşde pul hemaýatyny etmek barada döwlet tarapyndan berlen görkezme sebäpli öz işini togtadyp, firmalaryny ýapmaga mejbur bolandyklaryny gürrüň beripdiler.

"Aýlyklaryň 20-30% tutulýar"

“Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiri ýekşenbe güni ýaýradan maglumatynda, soňky aýlarda öz redaksiýasyna V Aziýa oýunlaryna goldaw bermek maksady bilen diýlip, döwlet we hususy kärhanalaryň işgärleriniň aýlyklarynyň bir böleginiň alynýandygy barada maglumatlaryň gelip gowuşýandygyny habar berdi.

Bu neşiriň habarynda aýdylmagyna görä, käbir işgärlerden aýlyklarynyň 20%-ni, käbirlerinden bolsa 30%-ni bermegi soraýarlar. Şeýle-de, döwlet we hususy edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary “meýletin gatanç” diýlip atlandyrylýan bu maliýe serişdesini nagt görnüşde bermegi talap edýärler.

Ýeri gelende bellesek, ilatyň aýlyk haklarynyň bir böleginiň Aziýa oýunlary üçin tutulyp alynýandygy baradaky maglumatlar barada türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri maglumat ýa-da düşündiriş bermeýärler.

Aşgabatda şu ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek Aziýa oýunlary üçin uly gerimli gurluşyk işleri alnyp barylýar. Bu oýunlar üçin niýetlenip, 5 milliard dollarlyk Olimpiýa şäherjigi we 2 milliard dollarlyk halkara aeroport guruldy.

Şeýle-de, paýtagtda köçeleri we binalary abadanlaşdyrmak işleri alnyp barylýar. Bu işler üçin döwlet býujetinden çykarylýan maliýe serişdeleri barada ilat köpçüligine hiç hili maglumat berilmeýär.

XS
SM
MD
LG