Merkezi Aziýa-Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji tapgyry, belki-de Pekiniň ýangyç talabynyň peselmegi zerarly, ýene togtadyldy diýip, eurasiareviýew.com rus mediasyna salgylanyp ýazýar.
RIA-Novosti habar gullugynyň 2-nji martdaky maglumatyna görä, Hytaýyň milli nebit kompaniýasy bilen döwlet eýeçiligindäki Özbeknebitgaz bu geçirijiniň özbek böleginiň gurluşygyny näbelli bir möhlete çenli soňa goýmak barada ylalaşyga geldi.
Bir müň kilometr uzynlykdaky D liniýasy Türkmenistandan başlanyp, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň üstünden geçmeli we günbatar Hytaýa barmaly.
Eger irde-giçde gurlup gutarylsa, bu geçiriji Merkezi Aziýa-Hytaý geçirijisiniň ýangyç geçirmek kuwwatyny 85 milliard kub metre ýetirmeli.