Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Allaşowyň tussag edilenine iki aý boldy


Azatlyk Radiosynyň habarçysy Hudaýberdi Allaşow
Azatlyk Radiosynyň habarçysy Hudaýberdi Allaşow

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Hudaýberdi Allaşowyň tussag edilenine göni iki aý doldy, emma onuň şu günki ykbaly nämälim galýar.

Habarçymyz 2016-njy ýylyň 3-nji dekabrynda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde öz öýünde howpsuzlyk gulluklarynyň wekilleri tarapyndan tussag edilip, ejesi Gurbantäç Arazmädowa bilen bilelikde alnyp gidilipdi.

Onuň polisiýada agyr urlup-ýenjilendigini we etmedik günäni boýun aldyrmak üçin gynamalara sezewar edilendigini şaýatlar gürrüň berdiler.

Allaşowyň tussag edilmeginden birnäçe gün geçensoň, Köneürgenjiň polisiýasy onuň aýaly Ejeşi iki ýaş çagasynyň gözüniň öňünde urup-ýençdi. Etrabyň kanun goraýjy işgärleri ýaş ene babatyndaky bu hereketiniň sebäbini onuň öz adamsy barada maglumat bermegi bilen düşündiripdiler.

Azatlyk Radiosyna gowşan maglumatlara görä, ýerli häkimiýetler Allaşowy öz öýünde nas saklamak aýyplamasynyň esasynda tussag edipdir we onuň sud ediljegini mälim edipdir.

27 ýaşly Hudaýberdi Allaşow Azatlyk Radiosy bilen oktýabr aýyndan işleşip başlady.

Efirde Mekan Täşliýew lakamy bilen çykyş eden habarçymyz Daşoguzda işsizlik, aýlyklaryň gijikdirilmegi, ýollaryň ýaramazlygy ýaly sosial problemalar barada maglumat taýýarlapdy.

Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky çeşmeleri Allaşowyň Daşoguzyň deslapky tussaghanasynda saklanýandygyny we onuň işi boýunça suduň bellenmändigini aýdýarlar.

Mundan ozal Hudaýberdi Allaşowyň Köneürgenjiň deslapky tussaghanasyndan, öz ejesi Gurbantäç Arazmädowa bilen bilelikde 14-nji dekabrda ýörite ulag bilen Daşoguz şäherine äkidilendigi barada maglumat gowuşypdy.

Halkara guramalary türkmen hökümetiniň temmäkä garşy gadagançylyklary söz azatlygyna we azat pikire basyş etmek üçin ulanýandygyna aladalanma bildirip çykyş edýärler.

10-njy ýanwarda “OpenDemoсracy” neşri Azatlyk Radiosynyň türkmen hökümetiniň habarçysy Hudaýberdi Allaşowa nasy saklamak boýunça günä bildirmek bilen temmäkä garşy kanunlaryny başga pikirdäkilere basyş etmek we tankytçylary sem etmek üçin ulanýandygyna halkara jemgyýetçiligini göz ýetrmäge çagyrdy.

ABŞ-nyň Kongresiniň habar beriş serişdesi bolan Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy türkmen häkimiýetleriniň Hudaýberdi Allaşowy tussag etmeginiň düýp sebäbini onuň žurnalistlik işi bilen baglanyşdyrýar.

ABŞ-nyň resmileri, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasy, Nýu Ýorkda ýerleşýän Žurnalistleri goramak boýunça komitet, düýbi Fransiýada ýerleşýän Serhetsiz reportýorlar gurmasy we adam hukuklaryny goraýan guramalaryň ençemesi türkmen hökümetinden Hudaýberdi Allaşowy dessine azat etmegi we Azatlyk Radiosynyň beýleki habarçylaryny yzarlamakdan el çekmegi talap etdiler.

ABŞ-nyň ÝHHG-däki ilçisi Daniel Baer Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde ABŞ-nyň hökümetiniň Hudaýberdi Allaşowyň we onuň maşgalasynyň Türkmenistanda tussag edilmegi bilen bagly aladalanyp, olaryň ykbalyny ýakyndan yzarlaýandygyny mälim etdi.

Munuň öňüsyrasynda ÝHHG-niň Media azatlygy boýunça wekili Dunýa Mýatowiç dekabrda ýaýradan beýanatynda türkmen resmilerine ýüzlenip, “Türkmenistanda žurnalistiň howpsuzlygyna kepil geçmäge” çagyrdy.

9-njy dekabrda “Halkara azat ediş” (Amnesty International) guramasy Türkmenistanda gynalýan garaşsyz žurnalist Hudaýberdi Allaşowy goldamak üçin

gyssagly herekete geçmäge çagyrdy. Guramanyň başlan ýörite aksiýasynyň çäginde žurnalistiň goragyna türkmen, rus we iňlis dillerinde türkmen häkimiýetlerine ýüzlenip hat ýazmaga çagyrylýar.

Geçen ýylyň güýzünde Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa bir aýyň dowamynda üç gezek hüjüme sezewar edildi, urlup-ýenjildi. Türkmen häkimiýetleri 67 ýaşly žurnalisti daşky dünýäden üzňelikde saklaýarlar, onuň telefonlary, interneti şu günki güne çenli-de işlemeýär.

Azatlyk Radiosynyň ýene bir habarçysy 2015-nji ýylda Türkmenistanda tussag edilen Saparmämmet Nepesgulyýewiň ykbaly bir ýyla golaý wagt bäri nämälim galýar.

XS
SM
MD
LG