Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan alabaýlary harby gullukda ulanar


Türkmen alabaýy
Türkmen alabaýy

Türkmenistanyň prezidenti alabaý itlerini harby gullukda ulanmak boýunça ýöriteleşdirilen merkezleri döretmegi tabşyrdy. G. Berdimuhamedow bu barada penşenbe güni geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde görkezme berdi.

Mundan öň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý. Berdiýew türkmen alabaýlary bilen “jenaýatçylary ele salmak; partlaýjy maddalary we neşe serişdelerini ýüze çykarmak boýunça” ýörite okuw tälimleriniň geçirilendigini-de mälim etdi.

Berdiýew tälimlerde alabaýlaryň “häsiýetli aýratynlyklaryny görkezendigini” hem sözüne goşdy.

Şol bir wagtda, türkmen atşynasy Geldi Kärizow türkmen alabaý itleriniň ýokarda agzalan maksatlar üçin netijeli ulanyp boljakdygyna şübheli garaýar.

“Alabaýlar bu maksatlar üçin onçakly bir ukyply it däl. Ozal soýuz döwri muny barlap gördüler. Alabaýlar edil owçarka ýaly ‘gel’ diýeniň bilen, dessine ylgap ýören it däl. Olary berk düzgünde adamyň ýanynda saklap, neşe gözledip ýa adamlara küşgürdip ýörmek... – gaty dogry çykar öýtmeýärin” diýip, Kärizow belledi.

Şol bir wagtda, türkmen resmi mediasy alabaýlaryň gulluga çekilmeginiň ‘taryhy ähmiýetinden’ söz açyp, olaryň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany hökmünde saýlanyp alynmagynyň hem ‘tötänlik’ däldigini nygtaýar.

Ýatladyp geçsek, ýaşyl reňkli, gulagy we guýrugy kesilen alabaý “Aziýada-2017” oýunlarynyň nyşany hökmünde saýlanypdy.

Resmi media oňa oýunlaryň dowamynda hoşniýetlilik hem-de dostluk ýagdaýyny döretmekde aýratyn ornuň degişlidigini aýtsa-da, haýwanlaryň hukuklaryny goraýjylar itleriň hiç hili zerurlyk bolmazdan, bedenlerine şikesleriň salynmagynyň; soňy bilen-de muny mahabatlandyrmagyň alada dörediji ýagdaýdygyny aýdypdylar.

Galyberse-de, Geldi Kärizow türkmen hökümetiniň häzir alabaýlara ünsi artdyryp, muny özüniň poplulistik maksatlarynda ulanýandygyny hem nygtap geçdi.

XS
SM
MD
LG