Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň başlygy Hamidreza Araki 24-nji ýanwarda geçirilen metbugat-konferensiýasynda Türkmenistanyň ýylyň başynda Eýrana akdyrýan gazyny kesilmegi bilen baglylykda Tähranyň “Türkmengaz” kompaniýasy babatynda kanun taýdan çäre görmäge başlajagyny mälim etdi.
“Eýran we Türkmenistan 2006-njy ýylyň aýagynda täze gaz şertnamasy barada ylalaşdylar, emma Aşgabat gaz akymyny birden kesdi” diýip eýran resmisi aýtdy.
Ýakyn günlerde media maglumatlarynda Eýranyň Türkiýä satan gazy üçin tölege degişli dörän dawanyň netijesinde 1.9 milliard amerikan dollary möçberinde kompensasiýa tölejegi barada aýdyldy.
Habar berilişine görä, Ykdysady dawalara seredýän Halkara sudunyň çykaran bu kararyna Türkiýäniň 2011-2015-nji ýyllaryň aralygynda Eýrandan satyn alan gazynyň bahasynyň artdyrylmagyndan şikaýat edip, 2012-nji ýylda halkara suduna ýüz tutmagynyň netijesinde gelnipdir. Türkiýe 1996-njy ýylda baglaşan 25 ýyllyk şertnamasynyň esasynda Eýrandan ýylda 9 milliard kubometr gazy satyn alýar.
Eýranyň 2006-2016-njy ýyllarda Türkmenistandan jemi 74.35 milliard kubometr gazy satyn alandygy habar berilýär.