Türkmenistanyň türmelerinde dereksiz ýitenleriň ykbalyny anyklamak boýunça “Olary diri görkeziň!” atly halkara kampaniýasy 15 ýyl çemesi wagtlap tussaglykda saklanan Türkmenistanyň serhet goşunlarynyň öňki baştutany Tirkiş Tyrmyýewiň 13-nji ýanwarda aradan çykmagy bilen baglylykda beýannama bilen çykyş etdi.
Azatlyk Radiosy “Olary diri görkeziň!” atly halkara kampaniýasynyň guramaçylaryndan Ýuriý Jibladze bilen söhbetdeş bolup, guramanyň 80-den gowrak adamy oz içine alýan türmede dereksiz ýitenleriň sanawynda görkezilen tanymal şahsýetlerň biri bolan Tirkiş Tyrmyýew barada maglumat bermegi sorady.
Azatlyk Radiosy: Ýuriý, siziň sanawyňyzda dereksiz ýitenleriň arasynda görkezilen şahsyýetleriň ýene biri Tirkiş Tyrmyýewiň ykbaly gynançly ýagdaýda mälim boldy, ol tussaglykda ýogalansoň, jesedi maşgalasyna tabşyryldy. Siziň kampaniýaňyz bu habary nähili kabul etdi?
Ýuriý Jibladze: Erbet täsir ýetirdi. Elbetde, biziň sanawymyzdaky adamyň, uzak wagtyň dowamynda türmede doly üzňelikde saklanan, emma günleriň birinde öz maşgalasyna gowşup, galan ömrüni öýünde geçirmegine umyt baglanan adamyň ölümi baradaky habar örän agyr düşdi. Biz bu adamyň we onuň maşgalasynyň ykbalyna gynanjymyz bilen bir wagtda galan tussaglaryň ykbalyna hem aladalanýarys. Sebäbi bu soňky 13 aýyň dowamynda sanawymyzyň düzümindäki adamlardan azyndan dördünjisiniň ölümine degişli habar. Ondan ozalky döwürde dürli garaşsyz çeşmelerden beýleki tussaglaryň ölendigi barada hem maglumatlar gowşupdy, emma olaryň jesetleri maşgalalaryna berilmändi. Tirkiş Tyrmyýewiň Türkmenistanyň döwlet resmilerinden ilkinji bolup, tussag edilen we dereksiz ýitenleriň biridigini aýratyn bellemek gerek.
Azatlyk Radiosay: Tirkiş Tyrmyýewiň tussag edilmeginiň jikme-jikleri, sebäpleri şu günki güne çenli köpçülige nämälim galýar. Sizde bu barada nähili maglumat bar?
Ýuriý Jibladze: Bize mälim bolşuna görä, Tirkiş Tyrmyýew 2002-nji ýylyň 5-nji aprelinde tussag edildi. Ol şonda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýolbaşçysydy. 5-nji aprelde ony (şol wagtky prezident) Saparmyrat Nyýazow bilen duşuşyga çagyrdylar. Bar bolan maglumata görä, Nyýazow bilen duşuşygyň dowamynda ol tussag edilipdir. Şol günüň özünde Tyrmyýewiň maşgalasyna onuň geýimini, galstugyna çenli gaýdyp berdiler. Tyrmyýewiň hiç hili syýasy topar ýa-da oppozisiýa bilen baglanyşygy bolmandy. Ol örän abraýly, watançy, açyk we prinsipial adam hökmünde tanalýar. Ol harbylar babatynda köp alada edipdir, meselem, serhet goşunlarynda azyk ýetmezçiligi bolup, esger açlyk çekende, ol goşmaça iýmit üçin öz serişdeleriniň hasabyna üpjün edipdir. Umuman, Tyrmyýewiň serhet goşunlarynda we ýörite gulluklarynda abraýy uludy. Tyrmyýew ýörite gulluklaryň kadr ofiseri, ol KGB-niň mekdebini tamamlap, sowet döwründe bilim alan ofiserleriň biridi. Ol täsirli şahsyýetdi.
Tyrmyýewiň tussag edilen wagtynda MHM-niň başlygy Muhammet Nazarow we beýlekiler hem tussag edilipdi.
7-nji maýda Tyrmyýew işinden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplanyp, 10 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Oňa kesilen iş korrupsiýa bilen bagly aýyplama esaslandy. Şol seneden soň ony gaýdyp hiç kim görmedi. Maşgalasy Tyrmyýewi şol gün sudda görüp galdy.
Azatlyk Radiosy: 2012-nji ýylda Tyrmyýewiň 10 ýyllyk türme tussaglygynyň möhleti doldy, emma ol türmeden çykmady. Siziň pikiriňizçe, näme sebäpden Tyrmyýewi boşatmadylar?
Ýuriý Jibladze: Dogrudanam, 2012-nji ýylyň mart aýynda Tyrmyýewiň türme möhleti doluberende, ony türmede ýapyk sud arkaly täze tussaglyk möhletine höküm etdiler we “sakçy bilen ýakalaşyk” üçin diýlen aýyplamanyň esasynda ýene ýedi ýyl we 11 aý berdiler.
Bu ýerde aýratyn bellenmeli bir ýagdaý bar, Tyrmyýewiň 10 ýyllyk türme möhletiniň dowamynda onuň maşgalasy bilen hiç hili kontakty bolmandy. Emma kanun boýunça oňa her ýyl azyndan alty gezek gysga möhletli duşuşyklar, dört gezek uzak wagtlyk duşuşyklar berilmelidi.
Tyrmyýewe näme üçin ikinji gezek iş kesildi? Meniň pikirimçe, sebäbi aýdyşym ýaly, ol güýç edaralarynda, ofiserleriň arasynda täsirli-abraýly adamdy we ony boşatmagy howply hasap eden bolmaly. Şondan soňky ýyllarda-da hut dünýäden ötýänçä maşgalasynyň Tyrmyýew bilen ýene hiç hili kontakty bolmandy. Häzir, 13-nji ýanwarda olara jesedi gowuşdy.
Azatlyk Radiosy: Tyrmyýewiň ölümi barada, 13-nji ýanwarda onuň gyzynyň Facebookda çap eden maglumatyndan mälim boldy. Şondan soň, günüň ertesi bu maglumat internetden ýok boldy, ol hiç ýerde elýeterli däl. Näme boldy? Siz munuň sebäbini anyklamaga synanyşyp gördüňizmi?
Ýuriý Jibladze: Bu örän aladaly alamat. Türmelerde dereksiz ýitenleriň ählisiniň garyndaşlarynyň uly howp astynda galýandygyny aýratyn bellemeli. Olara basyş görkezilýär. Bizde olary gorkuzandyklary, sesini çykarmazlygy talap edendikleri barada köp sanly mysal bar. Garyndaşlaryň ençemesi süteme sezewar edildi, olar işden kowludy, okuwdan çykaryldy, olar bilim almakdan, karýeradan mahrum edildi. Olaryň öýlerini elinden aldylar, uzak ýerlere sürgün edildi, öýlerini ýumurdylar. Tyrmyýewiň tussag edilmeginiň yz ýany onuň Aşgabadyň golaýyndaky öýi hem ýumrulypdy. Aşgabatda häzir onuň aýaly we iki çagaly gyzy ýaşaýar. Elbetde, islendik köpçülikleýin çykyşlar maşgala üçin basyş we yzarlama sezewar bolmak howpuny döredýär.