2017-nji ýylyň birinji ýarymy üçin Türkmenistanyň milli neşirlerine ýazylan raýatlara ýylyň başyndan bäri gazet-žurnallar gowuşmaýar.
Muňa näme sebäp bolýar?
Azatlyk Radiosy täze ýylda milli metbugat önümleriniň ilat üçin elýeterliliginiň çäklenmegi bilen bagly bu ýagdaýyň jikme-jikleri bilen gyzyklanyp, aşgabatly synçy ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.