Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Reina hüjümçisine meňzedilen türkmenistanly urlup-ýenjildi


Reina hüjümçisine meňzedilen türkmenistanly ýenjildi.
Reina hüjümçisine meňzedilen türkmenistanly ýenjildi.

Türkiýäniň Stambul şäheriniň Pendik diýen ýerinde adamlar türkmenistanly bir migranty Reina atly gijeki klubyna hüjüm etmekde aýyplanýandyr öýdüp ýençdiler. Polisiýa tarapyndan halas edilen K. M atly türkmen migrantyň wizasyzdygy üçin deportasiýa ediljekdigi habar berilýär.

Türkiýäniň “Hürriýet”, “Haberler.com” ýaly habar websaýtlarynyň berýän maglumatyna görä, bu waka 4-nji ýanwarda günortan sagat 13:00 töwereginde Stambulyň Pendik Kaýnarja mähellesiniň Kemalpaşa şaýolunyň ugrunda ýüze çykýar. Aýdylyşyna görä, Reina gijeki klubyna hüjüm etmekde güman edilýän hüjümçä meňzeýän bir adam köçeden ýöräp barýan mahaly, adamlaryň ünsüni özüne çekýär.

Hüjümçi terrorçydyr öýdüpdirler

Ýerli raýatlaryň özüni yzarlap, daşyny gabamaga synanyşýandygyny aňan ol adam gaçmaga başlan mahaly daş-töweregindäki adamlar tarapyndan saklanyp, urlyp-ýenjilmäge başlanýar.

Kimdigini anyklamak üçin polis merkezine äkidýärler

Habary alan polisler hadysanyň ýüze çykan ýerine baryp, urlup-ýenjilen adamy ulaga mündirip polis merkezine äkidýärler. Polisiýa merkezinde geçirilen derňewde urlup-ýenjilen adamyň Reina klubyna hüjüm gurnamakda aýyplanýan şübheli däldigi äşgär bolýar. Türk polisleri bu adamyň üstünden çykan pasportdan onuň Türkmenistanyň K. M atly raýatydygyny we wizasyz bikanun ýagdaýdaky migrantdygyny anyklaýarlar.

Deportasiýa ediler

Türk habar serişdeleriniň berýän maglumatyna görä, türkmenistanly migrant K.M polis merkezindäki barlagdan soň deportasiýa edilmegi üçin migrantlar baradaky bölüme iberilýär. Gynansagam, Azatlyk Radiosyna türkmenistanly migrant K. M-niň ykbaly bilen baglanyşykly jikme-jik maglumat almak başartmady.

Wakanyň bolup geçen ýerindäki raýatlar metbugata beren interwýularynda, türkmen migrantyny Reina klubyna hüjüm gurnan terrorçydyr öýdüp urup-ýenjendiklerini aýdýarlar.

Orta Aziýaly migrantlardan güman edilýär

Ýatlap geçsek, mundan ozal Türkiýäniň metbugatynda we käbir sosial ulgamlarda hüjümi amala aşyrmakda güman edilýän adamyň wideo ýazgysy we Gyrgyzystanyň raýatynyň pasportyndan alnan suraty ýaýradyldy. Hüjümçidigi güman edilýän gyrgyz raýat Ýahýa Maşrapow bolsa, Gyrgyzystanyň we Türkiýäniň milli howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň geçiren soragynda bolşy ýaly, “Turmush.kg” neşirine beren interwýusynda Türkiýedäki terrorçylyga gatnaşygynyň ýokdugyny aýtdy.

1-nji ýanwarda gije sagat 01:00 töwereginde näbelli bir adam Stambulyň Ortaköý diýen ýerindäki "Reina" atly gije klubyna hüjüm edip, sakçylaryny öldürýär we soň içerik girip, Täze ýyl gutlaýan märekäniň üstüne ot açýär. Dürli çeşmelerde aýan edilişine görä, şol mahal gije klubynda 700 töweregi adam bar ekeni. Hüjümiň netijesinde 39 adam pida bolýar we 69 adam hem ýaralanýär. Türk metbugaty polisiýadaky çeşmelerine salgylanyp berýän maglumatynda, hüjümçiniň Özbegistanyň ýa-da Gyrgyzystanyň raýaty bolaýmagy ahmal diýýär.

XS
SM
MD
LG