Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Student gyzlar diňe uçar bilen sapar etmeli


Student gyzlar we oglanlar.
Student gyzlar we oglanlar.

Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan studentlerden, aýratyn-da, gyz studentlerden indi dynç alyş döwri öýlerine diňe uçar bilen gitmek we gelmek talap edilýär.

Bu täze talap Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň ençemesiniň degişli resmileri tarapyndan ýurtda gyşky kanikullaryň başlanmagyna tas bir aý galanda studentlere mälim edildi.

“Biziň bilen dekanymyz ýygnak geçirip, mundan beýläk öýümize – ene-atamyzyň, hossarlarymyzyň ýanyna gidenimizde, diňe uçar bilen gitmelidigimizi duýdurdy. Hususan-da, student gyzlara ‘size taksi ýa-da beýleki transport serişdesi bilen gitmek gadagan’ diýdiler. Kanikullar tamamlananda soň bolsa, öz welaýatymyza gidendigimizi görkezýän awiabiletleri dekanymyza getirip görkezmeli we tabşyrmaly” diýip, Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň birinde okaýan 20 ýaşly Maýsa (howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli ady üýtgedildi) gürrüň berdi.

Ýurduň ýokary okuw jaýynyň resmileri tarapyndan edilýän bu talap we onuň näme sebäpden hususanda student gyzlara degişldigi barada Türkmenistanyň media serişdelerinde ilat köpçüligine hiç hili maglumat ýa-da düşündiriş berilmeýär.

Emma ýurduň ýokary okuw jaýynyň resmileri studentlere bu talabyň olary “bidüzgünçilikden goramak” maksady bilen döwlet derejesinde kabul edilendigini aýdýarlar.

“Ýaramaz ýagdaýlaryň öňüni almak”

“Ýokary okuw jaýynyň resmileriniň berýän esasy jogaplary ‘biz siziň bolgusyz wakalara duçar bolmagyňyzyň öňüni aljak bolýarys. Ýolda köçe-ýol hereketiniň heläkçiligi ýüze çyksa, onda ata-enäňizden ozal biz jogap berýäris. Şonuň üçin taksiler bilen gideniňiz gykylyk-gopgun bolmaz ýaly, her hili bidüzgünçilik ýüze çykmaz ýaly, şu zatlar döwlet derejesinde girizildi’ diýip aýdýarlar. Ullakan düşündiriş berenoklar. Edilýän talap şu, şuny berjaý ediň diýýärler” diýip, Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew hem studentlere salgylanyp gürrüň berdi.

Aşgabadyň we Lebap, Mary welaýatlarynyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan käbir student gyzlaryň bellemegine görä, ýokary okuw jaýynyň Zenanlar guramasynyň başlygy student gyzlar bilen duşuşyk geçirip, bu talabyň studentler takside, otluda öýlerine gidende iki-ýeke ýüze çykýan “ýaramaz ýagdaýlaryň öňüni almak” bilen baglydygyny aýdypdyrlar.

Emma gürrüňi edilýän “ýaramaz ýagdaýlar” barada jikme-jik maglumat bermändirler. Şeýle-de, olar bu talaby berjaý etmedik gyzlaryň okuw jaýyndan çykaryljakdygyny duýdurypdyrlar.

Bu täze talap bilen baglanyşykly, häzirki wagtda student gyzlaryň öz hossarlarynyň ýaşaýan welaýatyna ýa-da şäherine gitmegi planlaşdyrmakda käbir kynçylyklary başdan geçirýändigi aýdylýar.

Talap bar, mümkinçilik ýok

Munuň bolsa, ýurduň içindäki awia gatnawlaryň sanynyň çäklidigi we olaryň ýolagçylaryň, şol sanda student ýaşlaryň islegini kanagatlandyrardan pes derejededigi bilen baglanyşyklydygy bellenilýär.

“Biz çarkandakly ýollar bilen 500-600 kilometr ýoly takside gidenimizden uçarda gidenimizi gowy görýäris. Sebäbi ikisi üçinem 70 manat çemesi pul tölemeli. Ýöne welaýatlaryň we şäherleriň arasynda ýeterlik awia gatnawy ýok. Şeýle-de, haçan barsaň, ‘bilet ýok’ diýip jogap berýärler. Bilet almak üçin hemişe para bermeli bolýar. Biz edilýän talapdan däl-de, edilýän talaby berjaý etmek üçin mümkinçiligiň, şertiň ýokdugyndan kösenýäris” diýip, Maýsa aýdýar.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Daşoguz welaýatyndan Balkan welaýatyna ýa-da Balkan welaýatyndan Mary şäherine, Lebap welaýatyndan Daşoguz welaýatyna hepdede diňe bir awiareýs ýola goýlan. Üstesine-de, ýurduň içindäki awia gatnawlar üçin niýetlenen biletler diňe 15 gün öňünden satylyp başlanýar.

Sözümiziň ahyrynda aýtsak, Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan studentlerden ençeme borçnamalary berjaý etmek talap edilýär. Beýleki talaplar bilen bir hatarda, olaryň okuwdan boş döwri awtoulag sürmegine ýa-da ýörite “rugsatnama” bolmasa, hepdäniň dynç alyş günleri umumy ýaşaýyş jaýlaryndan çykmagyna rugsat berilmeýär.

XS
SM
MD
LG