Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Towuk eti üçin ýüzläp adam nobata durýar


Türkmenistanda satuw açykarylan towuk eti.
Türkmenistanda satuw açykarylan towuk eti.

Aşgabatda ençeme wagt bäri juda gyt haryda öwrülen käbir azyk önümleriniň satylyp başlanmagy netijesinde, bazarlarda we söwda nokatlarynda adamlaryň uly nobatlary emele geldi.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň aýtmagyna görä, şu gün ozalky “Mir bazary”, häzirki “Paýtagt” bazarynda towuk buduny satyn almak üçin, 200 çemesi adamyň nobata durandygyny görse bolýar.

“Towuk buduny 13-15 manatdan satyn almaga kaýyl bolan adamlar indi 8-10 manat aralygyndaky bahadan satylýan towuk butlaryny satyn almak üçin nobata durýarlar. Bu hem iň azyndan 170-220 adam aralygyndaky nobatlar. Men bu zatlary göz çeni bilen aýdýaryn” diýip, ýerli synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew aýdýar.

Ýatladyp geçsek, şeker, ösümlik ýagy we towuk ýumurtgasy ýaly azyk harytlary bilen bir hatarda, Türkmenistanda öndürilen towuk eti soňky bir aýa golaý wagt bäri gyt haryda öwrülip, satuwda bolmandy.

Nobatlara ýörite gulluklar gözegçilik edýär

Türkmenistanda ABŞ dollarynyň nagt satuwy resmi derejede ýatyrylmazdan we dollaryň “gara bazardaky” bahasy döwletiň kesgitlän resmi kursundan tas iki esse gymmatlamazdan ozal, gürrüňi edilýän towuk etleri 8 manatdan satylýardy. Ýurtdaky dollar çäklendirmelerinden soň, onuň bahasy iki esse diýen ýaly gymmatlap, 15 manada çenli ýetdi.

Häzirki wagtda paýtagtyň käbir bazarlarynda we söwda nokatlarynda towuk budy öňküsinden arzan bahadan satylyp başlansa-da, nobata duran adamlar ondan diňe 2 kilogram alyp bilýärler. Nobatlara bolsa ýörite gulluklaryň ýa-da polisiýa işgärleri tarapyndan gözegçilik edilýär.

Şol bir wagtda, towuk buduny satyn almak isleýän adamlaryň sanynyň köpdügi we kähalatlarda, nobata duranlaryň öz dogan-garyndaşlaryna jaň edip, olary nobata goşýandygy sebäpli dawa-jenjeller hem bolýar diýip, Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylary aýdýarlar.

Gyzyl ýumruk

“Towuk buduny satyn almak üçin nobata duran tas ähli adam, täze gelen adam ‘nobatyň soňy kim?’ diýip soranda, ‘meniň yzymdan bir-iki adam nobat belledi. Şonuň üçinem sen menden iki-üç adam soňra nobata duransyň’ diýip aýdýar. Onuň hem sebäbi, nobata duran adam öz dogan-garyndaşyna jaň edýär, ‘ynha, men nobatda durun, senem gel’ diýýär. Onsoň, nobata duranlar öz öňünde durmadyk, 40 minutdan, belkem, 1 sagatdan soňra, ‘pylany meniň dogan-garyndaşym, men şonuň yzyndan nobat belläp gidipdim’ diýip, aýdýan sözlerine ynanman, ‘ýok, seni görmedik’ diýip, tas gyzyl ýumruga girişmä çenli ýagdaýlar ýüze çykýar” diýip, synçy Bugaýew gürrüň berdi.

Bu aralykda, Lebapdan gelip gowuşýan maglumatlarda, welaýatda haryt gytçylygynyň dowam edýändigi aýdylýar. Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky bir diňleýjisiniň habar bermegine görä, haryt gytçylygy we bahalaryň gymmatlygy halky uly alada goýýar.

Goh-galmagal

Şol bir wagtda, bankomatlardan aýlyklary nagtlaşdyrmagyň hem gaty kyndygyny, olarda puluň azdygyny we onuň köplenç tiz wagtda gutarýandygyny diňleýjimiz aýdýar. Şeýle-de, ol bankomatlaryň öňündäki uly nobatlarda goh-galmagallaryň hem ýüze çykýandygyny belleýär.

Türkmen häkimiýetleri we habar serişdeleri Türkmenistanda soňky aýlarda dörän azyk gytçylygy we bahalaryň ýokarlanmagy barada ilat köpçüligine düşündiriş ýa-da maglumat bermän gelýärler.

Şol bir wagtda, Aşgabatda Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanynda, käbir azyk harytlarynyň çäkli möçberde satylyp başlanmagy prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurduň bazarlarynda we dükanlarynda azyk bolçulygyny üpjün etmek barada beren tabşyrygynyň yz ýanyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG