Türkmenistan 2012-nji ýylda Eýrana girizilen halkara sanksiýalaryndan bäri, bu ýurda akdyrylan türkmen gazy üçin 2 milliard dollar bergisiniň saklanyp galýandygyny öňe sürýär.
Eýranyň “Fars” habar agentligi ýurduň atlandyrylmazlygyny soran bir resmisiniň “eger-de Türkmenistan gyş döwri [Eýrana] akdyrýan gazyny togtatmak haýbatlaryny dowam etdirse, Tähran Aşgabat bilen gaz ylalaşygyny ýatyrar” diýen sözlerini getirdi.
Eýran resmisi Türkmenistanyň Eýrana garşy gaz bergisi boýunça nähilidir bir şikaýaty bar bolsa, Aşgabada halkara suduna ýüz tutmagy maslahat berdi.
Mundan owal, Eýranyň nebit ministriniň orunbasary Amir Hossein Zamaninia awgust aýynda “Trend” habarlar gullugyna beren interwýusynda Eýranyň Türkmenistana gaz bergisiniň 2 milliard dollara ýetýän bolmagynyň mümkindigini aýdypdy.
Zamaninia gaz bergisiniň 600 million-1,5 milliard dollar aralygynda bolmagynyň ähtimaldygyny, emma anyk mukdaryň türkmen resmileri bilen gepleşiklerden soň kesgitlenjekdigini nygtapdy.
Ol: “Biz türkmen resmileri bilen näçe we nähili görnüşdäki gazyň akdyrylandygyny maslahat edip, degişli hasaplary çykarmaly” diýip, sözüne goşdy.
Bu aralykda, oktýabr aýynda Eýranyň Milli Gaz Kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hamideza Araki Tähranyň Aşgabada mundan beýläk türkmen gazyna mätäçlik duýmaýandygyny mälim edendigini aýdypdy.
Soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistan, esasan, goňşy Eýranyň demirgazyk sebitlerine akdyrýan gazyny ençeme gezek kesipdi. Aşgabat 2007-nji we 2009-njy ýyllarda gyş möwsümi döwri baha we bergi ylalaşmazlyklary sebäpli gazyň eksportyny kesenden soň, Tähran ýurduň içinden demirgazyga çenli uzaýan “IGAT11” geçirijisini gurmak planlaryny kesgitläpdi.
Ýeri gelende ýatlatsak, şu ýylyň başynda Russiýanyň “Gazrpom” kärhanasy türkmen gazyny almagyny bes edýändigini yglan edenden soň, häzir Türkmenistan diňe Hytaý we Eýran ugurlary boýunça gazyny eksport edýär.
Galyberse-de, nebitiň we gazyň halkara bazarlaryndaky bahalarynyň peselmegi netijesinde, aglaba energiýa serişdeleriniň eksportyna daýanýan, Türkmenistan dürli ykdysady, şol sanda aýlyklaryň gijikdirilmegi, azyk harytlaryň difisiti we bahalarynyň galmagy, türkmen manadynyň “gara bazarda” hümmetsizlenmegi ýaly nogsanlyklar bilen ýüzbe-ýüz bolup başlady.
Energiýa howpsuzlygy boýunça bilermen Jon Roberts hut ýokarky ýagdaýlar sebäpli Türkmenistanyň häzir gaz algysy meselesini gozgandygyny aýdýar.
“Häzir Türkmenistanyň ykdysady ýagdaýy gaty ýaramaz. Türkmen häkimiýetleri anyk sanlary bermeýärler. Emma Halkara Walýuta Fondunyň maglumatyna görä, Türkmenistana 2014-nji ýylda energiýa eksportyndan 20 milliard dollara golaý maliýe gelen bolsa, 2016-njy ýylda munuň 10 milliarda ýetjegi hem gümana. Bu diňe iki ýylyň içinde ýurduň girdejisiniň 50% kemelendigini görkezýär. Bu-da olaryň esasy girdeji çeşmesi bolup dur” diýip, Roberts Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.
Türkmen resmileri ýokarky ýagdaýlar boýunça häzirlikçe hiç hili beýanat bilen çykyş etmediler.
2015-nji ýylyň marty bilen 2016-njy ýylyň marty aralygynda Eýran 9 milliard m3 türkmen gazyny import etdi. Bu ozalky ýyl bilen deňeşdirilende, iki esse dagy ýokarydyr. Emma şu ýylyň birinji ýarymynda türkmen gazynyň importy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 25% pese gaçdy.