Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Türkmenhowaýollarynyň” uçary Parižde saklandy


“Türkmenhowaýollarynyň” uçary.
“Türkmenhowaýollarynyň” uçary.

“Türkmenhowaýollaryna” degişli uçar Parižiň “Şarl de Goll” aeroportynda ozalky jerimelerini tölemändigi sebäpli saklandy.

Anna güni ir bilen Aeroportdaky howanyň hapalanmagyna gözegçilik edýän ACNUSA edarasy “Türkmenhowaýollarynyň” ses normalaryny bozandygy sebäpli salnan 204 müň ýewro jerimesini töleýänçä, onuň “Boeing-737” kysymly uçaryny saklamak baradaky netijäni çykardy.

ACNUSA-nyň prezidenti Wiktor Haim Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde, “Türkmenhowaýollarynya” gije wagty kabul edilen ses normalaryny ençeme gezek bozandygy sebäpli 186 müň ýewro möçberinde jerime salnandygyny; şeýle-de tölegi 1 ýyl çemesi gijikdirendigi üçin temminiň üstüne ýene-de jerimäniň 10%-niň goşulandygyny aýtdy.

“Fransiýada aeroportyň töwereginde ýaşaýanlary gije wagty rahatsyz etmezlik üçin ýörite kabul edilen ses normalary bar. “Türkmenhowaýollary” bulary dowamly bozup geldi. Şol sebäpli hem oňa jerime salyndy” diýip, Wiktor Haim Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

“Türkmenhowaýollarynyň” saklanan uçarynyň ýolagçylary şenbe güni başga uçar bilen Aşgabada ugradyldy.

Bu aralykda soňky gowşan maglumatlara görä, “Türkmenhowaýollary” jerimäniň bir bölegini nagt görnüşde töläp, beýlekisini hem bankyň üsti bilen geçiripdir. ACNUSA-nyň prezidenti netijede “Türkmenhowaýollaryna” degişli saklanan uçaryň häzir goýberilendigini mälim etdi.

Ýokarky ýagdaý boýunça, “Türkmenhowaýollarynyň” degişli resmilerinden hiç hili maglumat almak başartmady.

Ýeri gelende ýatlatsak, şu ýylyň sentýabrynda, wagtynda töleg etmändigi sebäpli, “Türkmenhowaýollaryna” Russiýa Federasiýasynyň howa giňişliginden uçmak gadagan edilipdi. “Rosawiasiýa” 2016-njy ýylyň 14-nji sentýabryna çenli “Türkmenhowaýollarynyň” bergisiniň 220 müň dollara barabar bolandygyny mälim edipdi. Soňunda “Türkmenhowaýollarynyň” öz bergisini töländigi we gadagançylygyň aradan aýrylandygy baradaky maglumatlar gowşupdy.

“Türkmenhowaýollarynyň” bergilerini wagtynda töläp bilmeýändigi baradaky häli-şindi çykyp duran habarlaryň fonunda, şu ýyl Aşgabatda 2.2 milliard dollarlyk aeroprt açyldy.

XS
SM
MD
LG