Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Çilim üçin uly nobatlar, dawa-jenjeller peýda boldy


Döwlet dükanlarynda her adama bir gutudan artyk çilim satylmaýar.
Döwlet dükanlarynda her adama bir gutudan artyk çilim satylmaýar.

Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda çilimleriň gaýtadan peýda bolmagy uly nobatlary we dawa-jenjelleri döretdi.

Geçen anna güni, aý ýarym çemesi wagtdan soň, Aşgabadyň döwlet dükanlarynda 19 manada durýan çilim ýaňadandan satuwa çykarylsa-da, ençeme sagatlap nobata duran ýüzlerçe türkmenistanlylaryň diňe çäkli bir bölegi satyn alyp bildiler.

Birinjiden, çilim döwlet dükanlarynyň ählisinde satylmaýar. Häzir Aşgabatda çilimi diňe paýtagtyň çetindäki: 30-njy mikroraýondaky, demir ýoluň gaýrasyndaky “Hitrowka” atlandyrylýan sebitdäki döwlet dükanlaryndan tapsa bolýar.

Ikinjiden, her adama bir gutudan artyk çilim satylmaýar. Munuň üstesine aýal maşgalalara asla-da temmäki önümlerini satmak gadagan edildi.

Galyberse-de, çilim, oňa bolan talap sebäpli, 40 minut çemesi söwdadan soň doly satylyp gutarýar.

“Çilimiň satylýan dükanlaryna barýançaň, eýýäm bar çilim satylyp gutarýar. Oňa hem garamazdan, iň azyndan 200 töweregi adam çilimiň gaýtadan satylmagyna garaşyp, dükanyň agzyny ‘garawullap’ durandyr” diýip, aşgabatly çilimkeşleriň biri aýdýar.

Polisiýa bilen ýakalaşyk

Bu aralykda, Daşoguz welaýatynda, Aşgabatda çilimiň satylyp başlanandygy baradaky habardan soň, ‘ýakynda bize hem geler’ diýen umyt bilen eýýäm 16-njy dekabrdan başlap, çilim nobatlarynyň sanawy düzülip başlandy.

“Geçen hepdäniň ahyryndan bäri Köneürgenjiň etrap merkezindäki ‘Ak gala’ dükanynyň öňünde azyndan 500 çemesi adam nobata dur. Çetdäki etraplardan gelenler hem bar” diýip, Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky çeşmeleriniň biri gürrüň berdi.

Edil Aşgabatda bolşy ýaly, çilim üçin nobata duranlara polisiýa we raýat eşigindäki howpsuzlyk gulluklarynyň işgärleri gözegçilik edýärler.

Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmesi ýekşenbe güni nobata duranlar bilen polisiýanyň arasynda ýakalaşygyň hem ýüze çykandygyny aýtdy.

“Polisiýa işgärleri nobaty dargatjak bolup [adamlaryň münüp gelen hususy] ulaglarynyň döwlet belgilerini alyp başlady. Şonda adamlar polisiýa hüjüm edip, belgilerini yzyna aldylar” diýip, ýerli çeşme gürrüň berdi.

Şu gün, ýagny 19-njy dekabrda Daşoguzyň döwlet dükanlarynyň käbirinde çilim satuwa çykaryldy. Emma Aşgabatdaky girizilen çäklendirmeler, ýurduň demirgazyk welaýatynda hem saklanyp galýar. Bu regionda hatda çilim aljak bolýanlardan olaryň pasportyny görkezmek hem talap edilýär.

Her niçik-de bolsa, dükanlardaky çilim daşoguzlylaryň temmäkä bolan talabyny ödemeýändigine üns çekilýär. Şu gün Köneürgenjiň döwlet dükanlarynda çilim söwdasy 12:30-da başlanyp 15:00-da hem bes edildi.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, Türkmenistan 2011-nji ýylda Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň “Temmäkä garşy göreşmegiň” çarçuwaly Konwensiýasyna goşulaly bäri, ýurtda çilim söwdasyna garşy dürli çäklendirmeler girizilip başlandy.

Şu ýyl çilim gytçylygynyň we gymmatlamagynyň ýiti duýlup başlanmagy bilen, adamlaryň mahorka - temmäki ýa-da dürli ösümlikleriň ýapraklaryny guradyp çekip başlandyklary barada köp sanly maglumatlar gelip gowuşdy.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasy Türkmenistanyň çilim çekýänleriň sany boýunça dünýäde iň aşakdaky derejelerde durýandygyny, ilatyň diňe 8% çilim çekýändigini aýtdy.

Şol bir wagtda, türkmenistanly çilimkeşler bu endigi goýmak üçin, döwlet tarapyndan hiç hili hemaýat beriş, şol sanda reablitasiýa merkezlerini ýola goýmaýandygyna ünsi çekýärler.

XS
SM
MD
LG