Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat 'Ýimpaşyň' ýerine awtoduralga gurmagy planlaşdyrýar


“Yimpaş Täjirçilik” merkezi, Aşgabat
“Yimpaş Täjirçilik” merkezi, Aşgabat

Aşgabatda türk işewürleriniň eýeçiligindäki “Yimpaş” söwda merkeziniň we “Yimpaş Täjirçilik” merkeziniň binalarynyň ýerine awtoulaglar üçin parkowka duralgasynyň guruljakdygyny Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky çeşmeleri habar berýärler.

“Duralgalar geljek ýylda Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlary üçin niýetlenýär. Munuň üçin diňe bir “Ýimpaş” däl-de, onuň golaýynda ýerleşýän Senagat Bankynyň we “Gosstrahyň” binalary hem ýumruljak” diýip, adynyň agzalmazlygyny soran türkmenistanly çeşmelerimiziň biri habar berdi.

Türkmenistandaky ýene bir çeşmämiz gurulmagy planlaşdyrylýan awtoulaglar duralgasynyň köp gatly bolmagynyň göz öňünde tutulýandygyny, onuň ilkinji nobatda Aziýa oýunlaryna gatnaşjak adamlary daşajak awtobuslar üçin niýetlenýändigini mälim etdi.

Olimpiýa stadionyndan ýoluň garşy tarapynda ýerleýän “Ýimpaş” söwda we täjirçilik merkezleri 20 000 m2 we 18 000 m2 meýdany tutýar. Täjirçilik merkezinde Türk Howa Ýollary, Ýewropanyň banky, Germaniýanyň Kommerzbanky we Ýaponiýanyň Itoçu şirketleri bilen bir hatarda, jemi 64 sany daşary ýurt we ýerli şirketleriň edaralary ýerleşýär.

Aziýa oýunlaryna resmi taýýarlyk

Türkmenistan 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Aziýa oýunlaryny geçirmäge uly taýýarlyk görýär.

Bu sport çäresine niýetlenip paýtagtyň merkezinde Olimpia stadiony we olimpik şäherçesi gurulýar. Diňe bir olimpik şäherçesi 157 gektar ýeri tutýar we onuň 2010-njy ýylyň noýabr aýynda düýbi tutulan gurluşygy 5 milliard amerikan dollaryna durýar. Gurluşygy Türkiýäniň “Polimeks” şirketi alyp barýar, proýektiň inisiatory - Türkmenistanyň prezidenti G. Berdimuhamedow.

Aziýa oýunlary üçin niýetlenen obýektleriň gurluşygy üçin käbir binalar, şol sanda Aşgabadyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky sport stadiony, söwda merkezi ýumruldy.

Şeýle-de, geljek ýylda geçiriljek bu halkara sport çäresi üçin, ilatdan pul hem toplanyp başlandy. 2016-njy ýylyň awgust aýynda döwletiň käbir edara-kärhanalarynyň işgärlerine olaryň aýlyklaryndan bir böleginiň Aziýa oýunlarynyň çykdajylary üçin saklanjakdygy duýduryldy. Hususan-da, Türkmenistandan gowşan maglumatlaryň birinde Türkmenabat şäheriniň çagalar baglarynda tämizçileriň 560 manat aýlygyndan, her aýda 200 manat çemesi tutulyp alynjakdygy öňünden duýdurylypdyr.

“Ýimpaşa” basyş

Aşgabatda türk işewürleriniň eýeçiligindäki "Ýimpaş" söwda merkezine ýumrulmak howpuň abanýandygy baradaky maglumat ilkinji gezek noýabryň ortalarynda peýda bolupdy.

Emma Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri Türkmenistanda “Ýimpaşy” ýykmak boýunça synanyşyklaryň ozalky ýyllarda hem edilendigini, şonda söwda merkeziniň öz harytlaryny gyssagly satyp başlandygyny, ýöne soň bu meseläniň yza tesdirilendigini habar berdiler.

Türkmenistanyň resmileri “Yimpaş” söwda merkezi we “Yimpaş Täjirçilik” merkezi bilen bagly planlary barada maglumat bermän gelýärler.

Azatlyk Radiosy Türkiýedäki “Yimpaş holding” merkezi bilen habarlaşdy. Bu holdingiň öz adyny aýtmakdan saklanan jogapkär resmisi media serişdelerine hiç hili maglumat bermezlik barada kompaniýa derejesinde karara gelendiklerini aýtdy: “Biz bu mesele boýunça hiç hili beýanat, maglumat bermeýäris. Biziň bu barada kompaniýa derejesinde kabul eden kararymyz bar” diýip, Türkiýedäki “Yimpaş holdingiň” jogapkär resmisi aýtdy.

“Yimpaş” kompaniýasynyň Aşgabatdaky söwda merkeziniň öz atlarynyň agzalmagyny islemedik käbir resmileri binalaryň ýumrulmagy baradaky habarlaryň peýda bolmagynyň “Yimpaşyň” 20 ýyl mundan ozal türkmen hökümeti bilen baglaşylan şertnamanyň möhletiniň tamamlanmagy bilen baglydygyny aýtdylar. Beýleki çemeler "Ýimpaşyň" Aşgabadyň administrasiýasy bilen 2030-nji ýyla çenli uzak möhletleýin şertnamasynyň bardygy hem habar beripdi.

Türkmenistanda 1998-nji ýyldan bäri işleýän “Ýimpaş” kompaniýasynyň 1999-njy we 2000-nji ýyllarda öz hasabyna guran binalaryna degişli basyşlar Türkiýede iýulda başa barmadyk döwlet agdarylyşygy synanyşygyndan soňra, türk dinçisi Fethulla Gülen bilen baglanyşykly edaralara we şahsyýetlere beýleki ýurtlarda bolşy ýaly, Türkmenistanda hem basyş edilmegine gabat geldi.

Aşgabatda, hususan-da, birnäçe türkmen-türk mekdebi ýapyldy, ýurtda işleýän türk işewürleriniň ençemesi, şol sanda “Ýimpaşyň” käbir ýolbaşçy işgärleri Türkmenistany terk etdi.

XS
SM
MD
LG