Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Allaşowyň boşadylmagyna çagyrylýan wagty polisiýa žurnalistiň aýalyny urýar


Hudaýberdi Allaşow
Hudaýberdi Allaşow

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) we adam hukuklaryny goraýjy halkara toparlar Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanda tussaglykda saklanýan habarçysy – Hudaýberdi Allaşowy “dessine” azat etmäge çagyrdylar.

Azatlyk Radiosynyň Mekan Täşliýew lakamy bilen çykyş edýän habarçysy – Hudaýberdi Allaşow geçen şenbe güni Daşogzuň Köneürgenç şäherinde howpsuzlyk gulluklary tarapyndan tussag edilipdi. Türkmen resmileri 27 ýaşly Allaşowy 11 kilogram nas serişdesini saklamakda günäleýärler.

Emma žurnalistiň ýakynlary we wakanyň şaýatlary bu aýyplamalaryň toslamadygyny, Hudaýberdiniň öýünde öz şahsy ulanyşy üçin, 20 grammlyk ençeme nas bukjasynyň bolandygyny aýdýarlar. Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň prezidenti Tomas Kent hem Hudaýberdi Allaşowyň tussag edilmeginiň hakyky sebäbini onuň žurnalistiki işi bilen baglanyşdyrýar.

ÝHHG-niň Media azatlygy boýunça wekili Dunýa Mýatowiç sişenbe güni ýaýradan beýanatynda türkmen resmilerine ýüzlenip, “Allaşowy dessine boşatmaga” we Türkmenistanda žurnalistiň howpsuzlygyna kepil geçmäge” çagyrdy.

Şeýle-de, sişenbe güni Žurnalistleri goramak boýunça komitet türkmen häkimiýetlerini Hudaýberdi Allaşowy azat etmäge we toslama aýyplamalar bilen žurlanistleri yzarlamagy bes etmäge çagyrdy.

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän Komitetiň direktorynyň orunbasary Robert Mahoneý: “Biz türkmen polisiýasynyň žurnalisti ýenjip, onuň boýnuna toslama günäleri ýöňkäp, türmä basyp bilýändigine düýpli aladalanma bildirýäris” diýdi.

Mahoneý “[Türkmen] häkimiýetleri Hudaýberdi Allaşowy jezalandyrmak planlaryndan el çekmelidirler. Şeýle-de, olar ýeke-täk günäsi: häkimiýet başyndakylaryň etmişlerini açyp görkezmekden ybarat bolan žurnalistleri yzarlamagyny bes etmelidirler” diýip, sözüne goşdy.

Bu aralykda, Düýbi Parižde ýerleşýän Serhetsiz reportýorlar guramasy hem beýanat ýaýradyp, onda Hudaýberdi Allaşowyň “tizden-tiz we hiç hili şert goýulmazdan” tussaglykdan boşadylmalydygyny nygtady.

Çarşenbe güni ýaýradylan beýanatda Guramanyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň ýolbaşçysy Ýohan Bir “Hudaýberdi Allaşowyň özüniň žurnalistiki işi üçin tussag edilendigine; onuň gynamalara sezewar edilip, etmedik işini zor bilen boýun aldyrylandygyna; häzir hem onuň uly howpuň bosagasynda durandygyna şek-şübhe ýokdur” diýdi.

Ýohan Bir halkara jemgyýetçiligine ýüzlenip: “Türkmenistandaky garaşsyz žurnalistlere edilýän basyşlaryň öňüni almaga”, şeýle-de türkmen häkimiýetlerini “bu işleri üçin jogaba çekmäge” çagyrdy.

Allaşowyň aýaly ýenjildi

Şol bir wagtda, Türkmenistandan gelip gowuşýan soňky maglumatlara görä, Hudaýberdi Allaşowyň aýaly – Ejeş polisiýa tarapyndan ýenjilipdir.

Azatlyk Radiosynyň Köneürgençdäki howpsuzlyk gulluklaryndaky çeşmesiniň biri sişenbe güni Ejeşiň uzakly gün polisiýa edarasynda saklanylyp, Hudaýberdiniň tussaglygy baradaky maglumaty ýaýratmakda günälenip, ýenjilendigini gürrüň berdi. Gizlinlik şerti bilen söhbetdeş bolan howpsuzlyk işgäri Hudaýberdiniň tussaglykda günde-günaşa gynamalara sezewar edilýändigini hem nygtap geçdi.

Ýokarda bellenilşi ýaly, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Hudaýberdi Allaşow 3-nji dekabrda tussag edilipdi. Onuň bilen Allaşowyň ejesi-de gözenegiň aňyrsyna alnypdy.

Tussaglykdan öň...

Bu wakadan üç gün öň, ýagny 30-njy noýabrda Azatlyk Radiosynyň efirinde Hudaýberdiniň ejesi – Arazmädowa Gurbantäjiň eýýäm 23 ýyldan gowrak wagt pasport alyp bilmeýändigi baradaky interwýusy gidipdi.

Mundan soň, Gurbantäç daýza ýerli howpsuzlyk gulluklary tarapyndan “Azatlyga näme üçin interwýu berdiň?” diýip soraga çekilipdi. Şol sorag etmede Gurbantäç daýzanyň gyzmaçlykda oglunyň hem Azatlyk Radiosyna işleýändigini aýdandygy barada maglumat gowuşdy.

Munuň yzy bilen, hem Gurbantäç daýza, hem-de onuň ogly – Hudaýberdi polisiýa tarapyndan tussag edildi. Polisiýadaky we beýleki çeşmeleriň tassyklamagyna görä, Hudaýberdi Allaşowyň boýnuna etmedik işini dakmak üçin, ony sütem bilen ýenjipdirler we elektrik togy bilen gynapdyrlar.

Allaşow Hudaýberdi Azatlyk Radiosy bilen oktýabr aýyndan bäri işleşip başlap, ol Daşoguzdaky mejbury pagta kampaniýasy, azyk gytçylygy, aýlyklaryň ençeme wagtlap berilmän saklanýandygy barada maglumatlar taýýarlaýardy.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Hudaýberdi Allaşowyň tussag edilmegi we gynalmagy dogrusynda, Türkmenistanyň degişli howpsuzlyk edaralaryndan hiç hili düşündiriş alyp bolmady. Resmi Aşgabat hem halkara jemgyýetçiliginiň Allaşowy azat etmek baradaky çagyryşlaryna we aladalanmalaryna hiç hili reaksiýa görkezmedi.

Ýeri gelende bellesek, soňky döwürde Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky beýleki habarçylaryna hem basyşlar has güýçlendi.

Türkmenistan adam hukuklaryny goraýjy halkara toparlary tarapyndan dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hökmünde häsiýetlendirýär.

XS
SM
MD
LG