Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguz: Şäherara awtobuslarynyň ugry pagta meýdanlaryna üýtgedildi


Daşoguzda şäherara awtobuslarynyň esasy ýolagçylaryny pagta meýdanlaryna alnyp barylýan mekdep okuwçylary we býujet işgärleri düzýärler.
Daşoguzda şäherara awtobuslarynyň esasy ýolagçylaryny pagta meýdanlaryna alnyp barylýan mekdep okuwçylary we býujet işgärleri düzýärler.

Bu günler Daşogzuň etrapdyr obalarynyň arasynda gatnaýan şäherara awtobuslarynyň özleriniň gönümel borçlaryny berjaý edýän, ýagny ýolagçy alyp barýan pursatlaryna juda seýrek gabat gelýärsiň.

Pagta möwsüminiň başlanmagy bilen uzak obalaryň arasyndaky ýeke-täk jemgyýetçilik transporty bolan awtobuslar, häzir ýygymçylary gowaça meýdanlaryna gatnatmak bilen meşgul.

Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky çeşmesi – Mekan Täşliýew welaýatyň Gubadag etrabyndaky ýagdaýlar barada şeýle maglumat berýär: “Häzir awtoparkyň obama-oba gatnaýan awtobuslary – häzirki pagta ýygymy döwründe – bir obadan beýleki oba gatnanok. Häzir [bu aralyga] diňe hojalyk taksileri gatnaýarlar. Olar [awtobuslar] häzir diňe pagta mekdep okuwçylaryny, döwlet işgärlerini gatnadýarlar”.

Mekanyň sözlerine görä, awtoparkdan goýberilen şäherara awtobusyň ýanyna ýörite bir adam hem berkidilip, ol obama-oba aýlanyp, pagta ýygymçylaryny çagyryp jar çekýär. Mekanyň hem nygtap geçişi ýaly, häzir şäherara awtobuslarynyň esasy ýolagçylaryny pagta meýdanlaryna alnyp barylýan mekdep okuwçylary we býujet işgärleri düzýärler.

Her ýyl adat bolşy ýaly, bu ýyl hem Daşoguzda pagta ýygymynyň başlanmagy bilen döwletden aýlyk alyp işleýänler mejbury ýagdaýda gowaça meýdanlaryna äkidildiler. Şol bir wagtda, geçen möwsümlerden tapawutlykda bu ýyl gowaça meýdanlaryna ýokarky klas mekdep okuwçylary hem çekilip başlandylar.

Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistan pagta ýygymy döwründe mejbury zähmetden peýdalanýanlygy sebäpli halkara jemgyýetçiliginiň ýiti tankydyna uçrady. Şu ýylyň maýynda dünýäniň belli söwda brendleri sermaýaçylaryň, biznes jemgyýetleriniň, kärdeşler arkalaşyklarynyň we adam hukuklaryny goraýjy toparlaryň 60 wekili Türkmenistanyň prezidentiniň adyna hat ýollap, Türkmenistanyň gowaça meýdanlarynda mejbury zähmete ýol berilýändigi baradaky maglumatlar bilen baglanyşykly aladalanma bildirdiler.

Mundan başga-da, öý hajatlary üçin esbaplary ýasaýan we satýan IKEA kompaniýasy Türkmenistanda pagta ýygymy döwründe mejbury zähmet ýa-da adam hukuklarynyň depelenmegi ýaly faktlar ýüze çyksa, türkmen pagtasyndan ýüz öwürjekdigini aýtdy.

Mundan owal egin-eşikleri öndürýän H&M kompaniýasy Türkmenistanda pagta ýetişdirilende we hasyl ýygylanda, çaga zähmetiniň ulanylýandygyny aýdyp, Türkmenistandan pagta almagyny duruzypdy.

Türkmenistan şu ýyl ýurt boýunça 1 million 50 müň tonna pagta hasylyny öndürmegi göz öňünde tutýar. Türkmen mediasynyň geçen anna güni beren maglumatyna görä, häzir 755 müň 281 tonna pagta hasyly toplanypdyr.

XS
SM
MD
LG