Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen ministri konfliktleri kanun esasynda çözmäge çagyrdy


 Reşit Meredow
Reşit Meredow

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Reşit Meredow 22-nji sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýetmiş birinji sessiýasynda çykyş edip, dünýä liderlerini konfliktleri çözmekde BMG-niň Düzgünnamasynyň ýörelgelerine eýermäge çagyrdy.

Ol dünýäniň dürli ýerlerindäki konfliktleriň ýitileşmegine, harbylaşmagyň we halkara kanunçylygyny sylamazlygyň ýokarlanmagyna ünsi çekip, konfliktleri çözmäge gönükdirilen halkara konwensiýalaryny we şertnamalaryny bilelikde ulanmagy ündedi.

“Dünýä reallyklarynyň häzirki ýagdaýy […] döwletleriň we esasy halkara guramalarynyň, umumy maksada ýetmek – halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek, şu günki bütindünýä düzgüniniň esaslaryny düzýän kanun we guramaçylyk çarçuwasyny gorap saklamak üçin, has ýakyndan we has utgaşykly özara hereket etmegini barha kän we obýektiw ýagdaýda talap edýär» diýip, Meredow Baş Assambleýada eden çykyşynda aýtdy.

Ol şu günki günde milli serhetlerden aşan we parahatçylyga we durnuklylyga wehim salýan howp- hatarlar, adam ahlagynyň çägine sygmaýan syýasy we ideologiki doktrinalar, terrorizm barada durup geçip, bularyň indi bütindünýä düzgüniniň tutuş sistemasyna, onuň prinsiplerine, gymmatlyklaryna we esaslaryna wehim salýandygyny aýtdy.

“Hut şu sebäbe görä hem oňa garşy göreş ählumumy we global, regional we milli derejelerde, emele gelen ýagdaýyňanyk aýratynlyklaryny we syýasy hem-de sosial reallyklary nazara almak bilen alnyp barylmaly» diýip, Reşit Meredow sözüniň üstüni ýetirdi.

Şeýle-de ol Türkmenistanyňbu ugurda degişli halkara, regional we globaltutumlaryň durmuşa geçirilmegi ugrunda tagalla edýändigini belledi.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Türkmenistanyň, Aral deňzini halas etmek baradaky halkara fonduň başlyklygyny kabul edeninden soň, bu işi ilerletmek barada regionyň beýleki ýurtlary we BMG-niň agentlikleri bilen maslahat etjekdigini hem habar berdi.

Meredow sözüniň soňunda Türkmenistanyň global howpsuzlygy gorap saklamak we pugtalandyrmak, BMG-niň ykdysady, sosial, ekologiýa, ynsanperwerçilik ugurlarynda we beýleki pudaklarda kabul eden programmalaryny durmuşa geçirmek babatdaky hyzmatdaşlygyny mundan beýlägem dowam etdirjekdigini, bu ugurda syýasy we diplomatik tagallalaryny gaýgyrmajakdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG