Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe Güleniň hereketine global derejede ‘çemeleşýär’


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan (çepde) we Fethullah Gülen.
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan (çepde) we Fethullah Gülen.

Türkiýede başa barmadyk harby döwlet agdarylyşygynyň üstünden bir hepde geçip-geçmänkä Güleniň hereketi sebäpli Gyrgyzystanda basym köp ýurtlara ýaýramagy mümkin bir göreş turdy.

Esasy bäsleşikde güýç synanyşýanlar Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkegiň iki möhüm uniwersiteti. Ýurduň iň gowy ýokary okuw jaýlary hasaplanylýan bu uniwersitetleriň biri-birinden aralygy hem sanlyja kilometrden ýokary däl.

Bularyň biri türk döwleti tarapyndan maliýeleşdirilýän Manas uniwersiteti. Atatük-Alatoo uniwersitetini bolsa Fethullah Güleniň global yslamçy magaryf ulgamy maliýeleşdirýär. Ankara 15-nji iýulda ýüzlerçe adamynyň ölümine sebäp bolan başa barmadyk harby döwlet agdarylyşygynda Fethullah Güleni günäleýär.

1999-nji ýyldan bäri Birleşen Ştatlarda ýaşýan Gülen bolsa bu iş bilen hiç hili ilteşiginiň ýokdugyny aýdýar.

Duýduryş

Döwlet agdarylyşygy basylyp ýatyrylan badyna Ankara tarapyndan maliýeleşdirilýän Manas uniwersitetiniň gyrgyz rektory bir forum döredip, döwleti agdarmak barada edilen synanyşygy ýazgardy. 18-nji iýulda hem Sebahattin Balf forumdan peýdalanyp, öz ýurtdaşlaryna Gülen toparynyň "Gyrgyzystanda hem adamlara öz ýurtlarynda şular ýaly aýylganç zatlary" etdirmegi mümkin diýip, açyk duýduryş berdi.

Rektoryň beren duýduryşy uniwersitetiň studentleriniň arasynda seslenme döretdi. Bu ýerde käbir adamlaryň pikiriçe, Güleniň ulgamy gümürtik bir gurama, onuň maksatlarynyň, bu toparyň öz aýdyşy ýaly, aň-bilimi ösdürmekden, halka hyzmat etmekden we konserwatiw yslam gymmatlyklaryny ýaýratmakdan has aňrylara gidýän bolmagy mümkin.

Manas uniwersitetinde okaýan Aýgül Güleniň topary barada şeýle diýýär: "Köp adamlar olaryň häkimiýeti ele geçirmäge synanyşmagy mümkin diýýärler. Kimiň aýdýany dogry, kimiňki nädogry, muny bilmek kyn. Men [Güleniň] studentleriniň hemişe bile bolup, birek-birege kömek edýänini görýärin, ýöne olardan hatar ýa howp abanar öýdemok".

Global ulgamyň girdeji çeşmesi

Gülen tarapyndan maliýeleşdirilýän Atatürk-Alatoo uniwersitetiniň professorlary bilen studentleri hem bu garaýyşlara garşy çykýarlar.

"Gülen näme düşünjeleri ýa prinsipleri ýaýradýar? Magaryfy ösdürmek, birlik, matematikanyň, biologiýanyň, himiýanyň we beýleki ylymlaryň möhümdigini nygtamak nädip, şübheli işjeňlik bolup bilýär" diýip, Atatürk-Alatoo uniwersitetiniň mugallymlarynyň biri bolan Nurdin Kaparow sorag berýär.

Ankaranyň Güleniň hereketine Türkiýede basyş edip, muny beýleki döwletlerden hem sorarly görünýän häzirki wagtynda bular ýaly çekişmeler köp ýurtlarda turjaga meňzeýär. Maksat global ulgamyň girdeji çeşmesini guratmak. Munuň uly bölegi bolsa Güleniň 150 çemesi ýurtda iş alyp barýan hususy mekdeplerinden gelýär.

"Ankara tarapyndan Gülene garşy berk söweş alnyp barylýar. Häzir üns merkezinde durýan Türkiýedäki ýagdaý, esasan hem, Güleniň ýaşaýan ýeri bolan Birleşen Ştatlar" diýip, "Teneo Intelligence" guramasynyň Türkiýe boýunça bilermeni Wolfango Pikkoli aýdýar.

"Ýöne indiki tolkunda üns berlen Gülen ýa Güleniň ýaranlarynyň nirede hem bolsa, iş alyp barýan ýerleri bolar. Meniň pikirimçe, Ankara şol ýurtlara basyş edip, olaryň bu guramalaryň işjeňligini togtatmagyny sorar" diýip, Pikkoli belleýär.

Irki alamatlar

Şu wagtyň özünde-de Ankaranyň türk hökümetiniň, onuň ilçihanalarynyň we hökümet bilen ilteşikli guramalaryň üsti bilen Güleniň hereketini yza serpikdirmäge taýýarlanýandygyny görkezýän alamatlar bar.

Formal taýdan edilen haýyş bolmasa-da, Erdogan Güleni "terrorist" diýip atlandyryp, şowsuzlyga uçran harby döwlet agdarylyşygynda eli barlygy sebäpli Birleşen Ştatlary Güleni ekstradisiýa etmäge çagyrdy. Amerikanyň döwlet sekretary Jon Kerri hem Waşingtonyň ekstradisiýa meselesine garajakdygyny, ýöne muňa "aýyplamalar" däl-de, "subutnama" gerekdigini aýtdy.

Alyp barýan işlerinde Güleniň hereketine gümürtik diýip garalmagy onuň gizlin maksatlarynyň bardygy hakda dürli çaklamalara getirýär.

Habarlarda aýdylyşyna görä, 20-nji iýulda Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan resmi sapar bilen Ankara baran Gürjüstanyň premýer-ministri Giorgi Kwirikaşwiliden Güleniň Gürjüstandaky mekdeplerini ýakyndan synlamagy sorapdyr. Ondan iki gün öň hem Türkiýäniň Batumidäki konsuly ol ýerdäki ene-atalary öz çagalaryny Gülen bilen ilteşikli mekdebe ibermezlige çagyryp, bu mekdebiň "terroristik ideologiýanyň esasynda" bilim berýändigini aýdypdyr.

Basyş

Erdogan, aýdyşyna görä, Gülen bilen ilteşikli guramalary jylawlamagy üçin Azerbaýjana-da basyş edipdir. 17-nji iýulda Erdogan bilen Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýewiň arasynda bolan telefon gepleşiginden bir gün soňra, Baku Gülen bilen geçirilen söhbetdeşligi berjekdigini yglan eden hususy telekanalyň wagtlaýyn ýapylmagyny buýurdy.

20-nji iýulda Baku Gülen bilen ilteşikli we Azerbaýjanda iň gowy ýokary okuw jaýy hasaplanylýan Kafkaz uniwersitetini azyndan bir gazet bilen birlikde ýapdy. Güleniň Azerbaýjandaky beýleki mekdepleriniň köpüsi bolsa ýurduň iň ýakyn ýarany bolan Türkiýäniň haýyşy boýunça öten ýyl ýapyldy.

Gülen hereketini global derejede yza tesdirmek Türkiýä aňsat düşmese gerek. Sebäbi bu ýerde gürrüň yslam dünýäsiniň Kenýadan tä Gazagystana çenli bolan giňişlikde mekdepleri, pikir merkezleri we media neşirleri bolan iň uly sosial ulgamlarynyň biri barada barýar. Adylyşyna görä, Güleniň (hyzmat) hereketiniň Türkiýede doglan bu teologyň magaryf guramalaryny maliýeleşdirmek, konserwatiw yslam gymmatlyklaryny berjaý etmek we halka hyzmat işlerine gatnaşmak her bir musulmanyň wezipesidir diýýän taglymatlaryna eýerýän millionlarça agzasy bar.

Umumy gapma-garşylyk

Türkiýe Gülen hereketiniň iş alyp barýan ýurtlarynyň möhüm maliýe ýarany bolup durýar. Ýöne Erdogan ýeke muňa däl, eýsem Gülen guramasy barada köp ýurtlarda umuman bar bolan gapma-garşylykly garaýyşlara-da bil baglaýana meňzeýär. Köp adamlar mekdepleri öz ýurtlarynyň magaryf sistemasyna goşant diýip gowy garşylaýarlar, ýöne Güleniň hereketine welin köplenç gümürtik, ýaşyryn maksatly hereket diýip garalýar.

"Güleniň hereketini özboluşly hereket edip görkezýän iki problema bar. Bularyň biri onuň girdeji çeşmesi. Türkiýedäki ulgamyň hem söwda, hem-de ynsanperwerlige aralaşmagy onuň işjeňliginiň syýasy häsiýeti bolup görünýär. Mysal üçin olaryň özleriniň içki ulgamyna bil baglamaga ýykgyn etmegi howply, syýasy we bir güýç tarapyndan dolandyrylýan ýaly bolup görünýär" diýip, Londonyň Kings kollejiniň Türkiýe boýunça eksperti William Park aýdýar.

Ulgamlaryň aglabasy ýaly, Güleniň guramasy-da öz agzalaryny birek-birege bil baglamaga, öz aralarynda söwda edip, alýan girdejileriniň bir bölegini gurama bermäge höweslendirýär. Aýratyn-da biznesmenler mekdepleri maliýeleşdirmek üçin ýerli toparlar döretmäge, gurpsyz studentleri stipendiýa bilen üpjün etmäge çagyrylýar. Sapaklar iňlisçe bilen türkçäni hem öz içine alýar. Mugallymlar studentler bilen ýatakhanalarda bolýarlar. Okuwdan soň hem Güleniň dini ýazgylary öwrenilýär.

Wakalardan doly taryh

Orta Aziýada Gülen hereketiniň wakalardan doly taryhy bar. 1990-njy ýyllarda hereketiň öz mekdeplerini guran ilkinji regiony Orta Aziýa boldy. Muny hem türk medeniýetini we täsirini daşary ýurtlara ýaýratmak maksady bilen türk hökümeti goldady.

Ýöne soňra regionyň awtoritar liderleriniň birnäçesi bu mekdeplere garşy çykdylar. Bu mekdepleri Özbegistan 2000-nji ýyllaryň başlarynda ýapsa, Türkmenistan olary 2010-njy ýyllaryň başlarynda, Täjigistan hem öten ýyl ýapdy. Orsýet mekdepleri ilki Tatarystanda we Başgyrdystanda oňat garşylan hem bolsa, 2000-nji ýyllaryň başlarynda olary döwlet magaryf sistemasynyň göni kontrollygyna geçirdi.

Bu ýurtlaryň hiç biri Güleniň mekdeplerini näme üçin ýapýandyklary barada bir sebäp görkezmediler. Ýöne käbir synçylaryň bellemegine görä, ýurtlarynda özleriniň kontrollygynda bolmadyk doly guramalaşdyrylan ulgamlara özlerine abanýan howp diýip garaýanlar, adatça, awtoritar hökümetler bolýar.

"Awtoritar hökümetleriň ählisinde haýsy hem bolsa bir daşarky güýjiň hökümeti içinden ýumurmagyndan howatyr edilip, güýç-gudraty merkezleşdirmek meýli bolýar" diýip, Waşingtondaky "Atlantic Council" guramasynyň Türkiýe boýunça bilermeni Aaron Stein aýdýar.

Güleniň hereketini global derejede gowşatmaga synanyşýan Erdogan indi onuň mekdeplerine ýer beren käbir ýurtlary öz delilleriniň özi bilen bir wagt ýaran bolan guramany ýok etmäge synanyşýan güýçli lideriňkiden köpdigini ynandyrmaly bolar.

2002-nji ýylda Erdogan bilen Gülen Erdoganyň dini konserwatiw "Adalat we Galkynyş" partiýasyny häkimiýet başyna getirmek üçin özara hyzmatdaşlyk etdiler. Ýöne iki ýaranyň arasy basym açyldy. Aýdylyşyna görä, muňa güýç-gudraty paýlaşmakda ýüze çykan meseleler, şeýle hem Erdoganyň awtoritar ýolbaşçylyk stili sebäp bolupdyr.

Erdogan häkimiýet başyna geleli bäri, Güleniň hereketini öz administrasiýasyny garalamaga edilen birnäçe synanyşykda eli bar diýip aýyplady. Aýratyn-da, 2013-njy ýylda bolan korrupsiýa skandaly barada polisiýa tarapyndan alnyp barlan derňewde onuň ýakyn ýaranlary aýyplandy.

Bu skandaldan soňra hökümet korrupsiýa derňewleri bilen baglanyşykly bolan köpsanly prokurorlary we ýokary derejeli resmileri işden boşatdy. Erdogan muny hem Türkiýäni dargatmak maksady bilen onuň üstüne abanan "gara güýçlerden" ýurdy goramagyň zerurdygy bilen delillendirdi.

XS
SM
MD
LG