Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan özüni künjege gabady


Türkmenistanyň Nebit-gaz ministrliginiň binasy
Türkmenistanyň Nebit-gaz ministrliginiň binasy

Geçen hepde Türkmenistan Nebit-gaz ministrliginiň işini togtatdy. Aşgabat bu ädimi ýurduň energiýa pudagynyň işini gowulandyrmak üçin ädendigini aýdýar. Bu kararyň nähili netijeleriniň boljagyny bolsa wagt görkezer.

Emma bu karar energiýa pudagy bilen bagly ýurtda ädilen beýleki ençeme ädimleriň yzýanyna gabat geldi. Meselem, soňky döwürlerde nebit-gaz pudagynda kadrlary köpçülikleýin işden boşatmak, degişlilikdäki käbir kärhanalaryň işini azaltmak ýa ýatyrmak ýaly mysallary getirse bolar.

Şeýle-de, bu ýagdaýlar ýurduň ykdysadyýetiniň barha ýaramazlaşýan we Türkmenistanyň öz energiýa eksportyny köp ugurly etmek boýunça alyp baran tagallalarynyň şowsuz bolan pursatlaryna gabat gelýär.

Merkezi Aziýa meselelerine bagyşlanyp taýýarlanýan Mejlis atly gepleşigimiziň nobatdaky sanynda "Bu kararlaryň asyl maksady näme? Pudakda dowam edýän bu krizisiň dýüp sebäbi näme we onuň çözgütleri näme bolup bolar?" diýen temalaryň töwereginde aýlanylýar.

Mejlisiň myhmanlary:

John Roberts - energiýa pudagy boýunça tanymal ekspert hemem düýbi Waşingtonda ýerleşýän “The Atlantic Council” edarasynyň energiýa boýunça baýry alymy. Ol Türkmenistana yzygiderli sapar edip, energiýa boýunça maslahatlara gatnaşýar,

Dr. Luca Anceschi - Glasgow Universitetiniň Merkezi Aziýa bölüminiň ýolbaşçysy hemem Türkmenistanyň bitaraplyk sýyasaty baradaky kitabyň awtory,

Bruce Pannier – Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa barada habarlar çap edýän blogy “Qishloq Ovoziniň” redaktory.

Programmany Azatlyk Radiosynyň müdiri Muhamad Tahir alyp barýar.

Gepleşigi diňlemek üçin aşakdaky düwma basyň.

Türkmenistan özüni künjege gabady
please wait

No media source currently available

0:00 0:23:59 0:00

XS
SM
MD
LG