Stambulyň “Atatürk” adyndaky halkara aeroportynda bolan partlamada ýogalan adamlaryň sany 41-e, ýaralananlaryň sany hem 239-a ýetdi.
28-nji iýun giçlik aeroportda janyndan geçen üç hüjümçi özüni partlatdyr.
Azatlyk Radiosynyň Stambuldaky çeşmesi wakada iň azyndan bir türkmenistanly raýatyň hem ýaralanandygyny habar berýär. Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasy partlamada şikes alan türkmenistanlylaryň anyk sany barada "häzir takyk maglumatlary berip bilmejekdigini" aýtdy.
Bu partlamada ýogalan adamlaryň sanawy hem çap edildi. Oňa görä, wakada bir özbek raýaty hem heläk bolupdyr.
Gyrgyzystanyň Stambuldaky konsuly Ruslan Moldakunow: "Ýaralananlaryň arasynda gygryzdygy çaklanylýan iki adam bar. 22 ýaşly Bahtyýar Ýunusow we 20 ýaşly Rufat Salimow. Häzir olary haýsy keselhana äkidendiklerini, şeýle-de olara ýeten şikesiň derejesini anyklamaga synanyşýarys" diýip, maglumat berdi.
Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy wakada azyndan bir özbegistanlynyň hem ýaralanandygyny anyklamagy başardy.
Wakanyň bolan ýerine sapar eden türk premýer-ministri Binaly Ýyldyrym hüjümi "Yslam döwleti" toparynyň amala aşyrandygyna ynanylýandygyny aýtdy.
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan muny "bigüna adamlara garşy edilen terroristik hüjüm" diýip, atlandyrdy.
Türkiýede soňky aýlaryň dowamynda kürt separatistleriniň we "Yslam döwleti" toparynyň jeňçileriniň amala aşyrandygy aýdylan birnäçe partlamalar boldy.
Ak tam, BMG, Germaniýa we beýleki döwletler bu hüjümleri berk ýazgaryp çykyş etdiler.
"Atatürk halkara aeroporty, edil şu ýylyň başynda hüjüm edilen Brýussel aeroporty ýaly, bizi bir ýere getirýän halkara baglanyşyklarynyň simwolydyr» diýip, Ak tamyň sözçüsi Joş Earnest aýtdy.
"Atatürk" aeroporty häzir doly depginde işläp başlady.
Türkiýäniň premýer-ministri Binali Ýyldyrym 29-njy iýunda aeroportdaky howa gatnawynyň kadaly ýagdaýda işläp başlandygyny habar berdi.