Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Işgärler, aýlygyň berilmeýändigini ýaýratmaň!”


Türkmen resmileri
Türkmen resmileri

Balkanabat şäherinde “Türkmennebit” döwlet konsernine degişli edarlaryň ençemesinde “wagyz-nesihat we halkyň hal-ýagdaýyny öwrenmek” şygary astynda ýygnaklar geçirilip, olaryň dowamynda bu konserniň işgärlerine aýlyk haklarynyň gijikdirilýändigi barada “gep-gürrüň ýaýratmazlyk” tabşyrylypdyr.

Bu barada “Türkmennebit” konsernine dahylly bir edaranyň özüniň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran işgäri gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň çeşmesi Konserne degişli beýleki bir edarada, has dogrusy, Baş nebitgeçirijiler Müdirliginde bolan ýene bir ýygnakda geçen hepde bu edaranyň başlygynyň özüni asandygy barada hem hiç ýerde “gürlemezlik” tabşyrylypdyr.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, bu ýygnaklar Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň nebit we gaz pudagyna degişli edaralaryň işgärleriniň aýlyk haklarynyň wagtynda berilmeýändigi, şeýle-de Baş nebit geçirijiler Müdirliginiň başlygynyň özüni asandygy barada maglumat bermeginiň yzysüre bolup geçdi.

Ýatladyp geçsek, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan işgärleri öz aýlyk haklaryny wagtynda alyp bilmeýändiklerini aýdyp, nägileligini bildirýärler. Olar zähmet haklarynyň haçan beriljekdigi barada hem degişli resmilerden maglumat alyp bilmeýändiklerini aýdýarlar.

"Islegler"

Soňky döwür geçirilip başlanan ýygnaklarda, esasan, Türkmenistanyň prezidentiniň “arşa göterilýändigi”, şeýle-de ýurtda “hiç hili kemçilikleriň ýok” diýip nygtalýandygy aýdylýar. Azatlyk Radiosynyň çeşmesiniň maglumatyna görä, ýygnaklarda çykyş eden resmiler bar diýilýän meselelere hem halkyň “doýmaz-dolmaz isleginiň sebäp bolýandygyny” öňe sürýärler.

Ýurduň içinden Azatlyk Radiosyna ugradylan maglumatda ýygnakda çykyş edendigi aýdylýan bir resminiň sözleri hem getirilýär. Emeldar şonda: “Türkmenistan döwletimizde hiç hili kynçylyk ýok. Dürli-dümen iýjek bolup, gowudan-gowy geýinjek bolup kynçylygy özümiz döredýäris” diýip, çykyş edipdir.

Azatlyk Radiosynyň çeşmesi öz işleýän edarasynyň adynyň tutulmazlygyny haýyş etdi. Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosyna “Türkmennebit” döwlet konsernine degişli bu edara bilen habarlaşyp, nähilidir bir kommentariý ýa-da reaksiýa almak başartmady.

Ýatladyp geçsek, geçen aýyň ahyrynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Balkanabada sapar edip, regionda geçirilen derňewleriň netijesinde kemçilikleriň ýüze çykarylandygyny belläp, ýerli häkimiýetiň ýokary derejeli emeldarlarynyň ençemesine berk käýinç berdi.

Emma döwlet mediasynda gürrüňi gidýän kemçilikleriň mazmuny, şeýle-de olaryň düzüminde ýurduň nebit we gaz pudagynyň işgärleriniň aýlyklarynyň gijikdirilmegi ýaly meseleleriň gozgalyp-gozgalmandygy barada maglumat berilmeýär.

XS
SM
MD
LG