Düýn, ýagny geçen ýekşenbe güni, Aşgabadyň Parahat 1,2,3,4,5-nji we 6-njy etrapçalaryndaky ýarym-ýerzeminlerde ýerleşýän azyk dükanlary ýapyldy. Paýtagtyň iň gür ilatly raýonlarynyň ençemesinde dükanlaryň uzakly gün ýapyk durmagyna şäher häkimiýetlerinden gelen ýörite görkezme sebäp boldy.
Hususy söwdagärler ýerli resmileriň, öňünden hiç hili duýduryş bermezden, 1-nji maý güni ir bilen gelip, dükanlaryň ýapylmagyny talap edendiklerini gürrüň berdiler.
“Bazar güni irden häkimligiň, öý uprawleniýäniň, polisiýanyň işgärleri aýlanyp ‘sen-de ýok, men-de ýok’, dükanlarymyzy tutuş gün ýapmagymyzy buýurdylar” diýip, Parahat 2 etrapçasyndaky bir dükanyň söwdagäri Oraz gürrüň berýär.
20 ýaşlaryndaky Orazyň aýtmagyna görä, resmiler “[Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Şamuhammet] Durdulyýewiň Parahat raýonyndaky jaýlara ýanaşyk gurlan goşmaça gurluşyklaryň ýumrulyp-ýumrulmandygyny barlamaga gelýär” diýen düşündiriş bilen çäklenipdirler.
Gepiň gerdişine görä bellesek, bu maglumat dogrusynda şäher häkimliginiň degişli resmilerinden hiç hili kommentariý ýa-da düşündiriş alyp bolmady.
Şol bir wagtda söwdagärler öz dükanlarynyň ýapylmagy netijesinde hem girdeji hem haryt üpjünçiligi taýdan zyýana galandyklaryny aýdýarlar.
“Söwdamyz, adatça, hepdäniň ahyrynda gowy bolýar. Tutuş bazar gününiň dowamynda ýekeje-de harydymyzy satyp bilmedik. Üstesine-de gök, bakja ýaly tiz zaýalanýan önümlerimiz hem zaýa boldy” diýip, Oraz nägileligini bildirýär.
Orazyň we beýleki söwdagärleriň sözlerinden çen tutulsa, onda häkimiýetler söwda nokatlarynyň ýapylmagy bilen bagly çekilen zyýanyň öwezine hiç hili kompensasiýa bermändirler.
Parahat raýonyndaky azyk dükanlarynyň ýapylmagy söwdagärler bilen birlikde ýerli ýaşaýjylara hem öz täsirini ýetirdi. Parahat 1 etrapçasynyň ýaşaýjysy Bike daýza ozal ýaşaýyş jaýynyň ýerzeminindäki dükandan satyn alýan harytlary üçin indi ‘tutuş şäheri sökmeli’ bolandygyny aýdýar.
“Iki kile [kilogram] sogan üçin ýarpy şäheri söküp, ‘Ors bazaryna’ (‘Gülüstan’ söwda merkezi – red.) gitmeli boldum. Dükanlary ýapdylar, üssesine-de bu golaý-goltumda bazar hem goýmadylar” diýip, 50 ýaşlaryndaky Bike daýza zeýrenýär.
Ýatlatsak, soňky ýyllaryň dowamynda paýtagtda ençeme dükanlar, uly bazarlar hem söküldi, ýumruldy. Paýtagtyň häkimiýetleri dürli sebäplere salgylanyp, hususy, şol sanda azyk dükanlarynyň hem wagtlaýyn ýapylmagyny ýygy-ýygydan talap edip durýarlar.