Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: "Etiki däl, ynsapsyz" mahabatlar gadagan edilýär


Kazino.
Kazino.

Türkmenistanda, 4-nji aprelden başlap, “Mahabat hakyndaky”, ýagny reklama hakyndaky täze kanun güýje girdi. “Türkmenistanyň Mahabat hakyndaky” kanunynda käbir beýleki harytlar we hyzmatlar bilen bir hatarda, tebipleriň, palçylaryň, astrologlaryň we kazinonyň mahabatyny etmek gadagan edilýär.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan şu ýylyň 26-njy martynda gol goýlan kanun 7 bapdan we 40 maddadan ybarat bolup, onuň “harytlaryň, işleriň we hyzmatlaryň bazarlaryny ösdürmek, ynsaply we ygtybarly mahabaty almak üçin sarp edijileriň hukugyny durmuşa geçirmek maksady bilen” kabul edilendigi bellenilýär.

Duşenbe güni “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde çap edilen maglumata laýyklykda, agzalýan kanunyň 2-nji baby “Mahabata we mahabat işine bolan talaplar” diýlip atlandyrylyp, onuň 6-njy maddasynda “mahabatyna ýol berilmeýän harytlaryň we hyzmatlaryň” sanawy berilýär.

Mahabaty, ýagny reklamasy gadagan edilen harytlar we hyzmatlar

Gürrüňi edilýän maddanyň 19-njy bendinde “gipnotizorlaryň (gözbagçylaryň), tebipleriň (şypa berijileriň), ekstrasensleriň, palçylaryň, astrologlaryň, jadygöýleriň we özlerini wakany öňünden aýtmaga ukyply diýip mälim edýän ýa-da ukyply hasap edýän we tebigatdan daşary ukyplary we güýçleri peýdalanmak arkaly adamlara, olaryň ruhy dünýäsine we emlägine we daşky gurşawa täsir edýän beýleki adamlaryň hyzmatlaryny (işlerini) mahabatlandyrmak”, ýagny reklama etmek gadagan edilýär.

Şeýle-de, mahabatyna ýol berilmeýän harytlaryň we hyzmatlaryň arasynda “jynsy häsiýetli, şol sanda psihologiki kömek, gatnaşyk etmek, relaks, owkalamak, ýakymly wagt geçirmek ýaly hyzmatlaryň, beýleki kanuny işiň görnüşleri” hem bar. Şol bir wagtda kanunda owkalamak, ýagny massaž hyzmatlarynyň haýsy görnüşlerini mahabatlandyrmagyň gadagan edilendigi barada anyk maglumat berilmeýär.

Kanunda kazino hyzmatlaryny we partladyjy maddalary mahabatlandyrmagyň hem gadagan edilýändigine üns çekilýär. Gürrüňi edilýän kanunyň 2-nji babynyň 6-njy maddasynda “adaty kazinony, elektron kazinony we internet kazinony, şeýle-de pirotehniki önümleri, partlaýjy maddalary we materiallary, harby maksatly ýagdaýlary we önümleri” mahabatlandyrmaga gadagançylyk girizilendigi bellenilýär.

Ene süýdüni çalşyrýan önümler

Agzalýan kanunda bu düzgün köpçülikleýin habar serişdelerinde “ene süýdüniň deregini tutýan (çagalar üçin süýt garyndylary), saglygy goraýyş ýa-da farmasewtika işgärleri üçin niýetlenen ýöriteleşdirilen ylmy çap neşirlerinde şeýle mahabatyň ýerleşdirilmegine degişli däldir” diýilýär.

“Türkmenistanyň Mahabat hakyndaky” ýörite Kanunynda “etiki däl”, “ynsapsyz” mahabatlary, şeýle-de, “kämillik ýaşyna ýetmedikleriň tebigy ynanjaňlygy we tejribesizligi ulanylan” mahabatlaryň hem gadagan edilýändigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG