Türkmenistanda derman bilen tutulandygy aýdylýan türkiýeli ýük ulag sürüjisiniň ogly öz kakasy barada dört aý bäri hiç hili habar alyp bilmeýändigini Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi. Fatih Sary 56 ýaşly kakasy Mustafa Sarynyň Türkmenistanda “tramadol” dermany bilen tutulyp, sud edilendigini aýtdy.
Azatlyk Radiosynyň Türkiýedäki habarçysy Döwlet Baýhan bu barada Fatih Sary bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligi aşakdaky düwmä basyp diňläp bilersiňiz.