Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasy “Türkmengaz” döwlet konsernini özara baglaşylan Ylalaşygy “ýatyrmak üçin şertleri göre-bile döretmekde” aýyplady.
Russiýanyň “Interfax” habarlar gullugynyň berýän maglumatyna görä, “Gazprom” türkmen tarapynyň “goýberen düýpli düzgünbozmalary” sebäpli türkmen gazyny satyn almak baradaky Ylalaşygy ýatyrypdyr.
Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, ýanwarda “Türkmengaz” döwlet konserni “Gazprom-Eksport” kärhanasynyň 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap türkmen gazyny satyn almak baradaky özara Ylalaşygy möhletinden has öň, birtaraplaýyn görnüşde ýatyryp, türkmen gazyny almagyny bes edýändigini habar berdi.
Ýanwaryň ahyrynda bolsa “Gazpromuň” dolandyryşynyň başlygynyň orunbasary Aleksandr Medwedew Ylalaşygyň gazyň bahasy sebäpli bozulandygyny aýdyp, Türkmenistanyň bu ugurda konstruktiw pozisiýada durmaýandygyny öňe sürüpdi.
Rus konserniniň ýewroobligasiýalar boýunça ýaýradan soňky memorandumynda “2016-njy ýylyň ýanwarynda ‘Türkmengaz’ DK-niň Ylalaşygy düýpli bozandygy sebäpli, biz ‘Türkmengazy’ Ylalaşygy ýatyrýandygymyz we türkmen gazyny satyn almagy duruzýandygymyz barada habarly etdik” diýilýär.
Emma berlen maglumatda tükmen tarapynyň ‘goýberendigi’ aýdylýan ‘düýpli kemçilikleri’ barada jikme-jik maglumat berilmeýär.
Türkmenistan bilen Orsýetiň arasyndaky gaz söwdasy 2003-nji ýylda baglaşylan döwletara Ylalaşyk esasynda amala aşyrylýardy. 2028-nji ýyla çenli özara hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýan bu dokumente laýyklykda her ýylda Orsýete 80 milliard m3 türkmen gazyny akdyrmak göz öňünde tutulýardy.
Gazyň agzalýan Ylalaşykda göz öňünde tutulan möçberine garamazdan, Russiýa satyn alýan türkmen gazynyň möçberini ýyl-ýyldan azaltdy gitdi oturdy. “Reuters” habarlar gullugynyň maglumatyna görä, 2008-nji ýylda Russiýa 40 milliard m3 türkmen gazy akdyrylan bolsa, 2009-2014-nji ýyllar aralygynda bu görkeziji 10-11 milliard m3-e çenli azaldyldy. 2015-nji ýylda bolsa rus kärhanasy Türkmenistandan satyn alýan gazyny 4 milliard m3-e çenli azaltdy.
2015-nji ýylyň iýulynda Türkmenistanyň Nebit-gaz ministrligi Orsýetiň 2015-nji ýylyň başyndan bäri “Türkmengaz” döwlet konsernine akdyrylan gaz üçin bergilerini töläp bilmeýändigini aýdyp, ony “tölege ukypsyz partnýor” diýip yglan etdi.
Munuň yz ýany “Gazprom” “Türkmengazyň” üstünden şikaýat edip, Stokgolmyň halkara dawalaryna seredýän suduna ýüz tutup, gazyň bahasyna gaýtadan seredilmegini talap etdi.
“Gazprom” soňky ýaýradan memorandumynda 2010-2015-nji ýyllar aralygyndaky türkmen gazynyň bahasyna rektroaktiw görnüşde seredilmegini talap edýändigini ilkinji gezek mälim edýär.
“Türkmengaz” döwlet konserni “Gazpromuň” soňky beýanaty dogrusynda häzirlikçe hiç hili reaksiýa görkezmedi.
Russiýadan başga-da Türkmenistan öz gazyny Eýrana we Hytaýa satýar.