Aşgabadyň dürli sebitlerinde ençeme bankomatyň 8-nji martdan bäri işlemeýändigi habar berilýär. Olaryň arasynda Aşgabadyň "15 ýyl abadançylyk" lomaý söwda bazaryndaky, "Türkmenhowaýollary" gullugynyň merkezi ofisindäki, "Türkmenistan" bankynyň Köpetdag şahamçasyndaky, "Ýimpaş" söwda merkezindäki, "Garagum halkara paýdarlar" bankynyň merkezi ofisindäki bankomatlar bar.
Azatlyk Radiosy bu ýagdaý we onuň bolaýmagy mümkin sebäpleri bilen gyzyklanyp, Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.