Aşgabatda köpgatly ýaşaýyş jaýlaryň daşyny mermere meňzeş serişde bilen örtmek işleriniň birinji tapgyryna mundan iki ýyla golaý wagt ozal başlanypdy. Bu çäräniň bir başlanyp, bir hem soňlanman togtadylýandygyny wagtal-wagtal habar beripdik.
Edil häzirki wagt bu çärä haýsy tapgyrda?
Azatlyk Radiosy bu sorag bilen gyzyklanyp, aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.