Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanlylaryň "pagta synagy" ýatyrylýar


 Balkan görnüşi
Balkan görnüşi
Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň anna güni geçirilen maslahatynda indiden eýläk Balkan welaýatynda gowaça ekmegi bes etmeli diýen karara gelindi.

Bu welaýatda gowaça ekini üçin 5 müň gektar ýer bölünip berlipdir. Emma sebitiň toprak-howa şertleri her gektardan juda az, 10 sentner töweregi, ýagny ýylda 5 müň tonna pagta almaga mümkinçilik berýär diýip, habarda aýdylýar.

Indiden eýläk Balkanda gowaça derek iýmlik, däne, miwe we bakja ekinleri ekiler diýip, TDH ýazýar.

Şeýle-de hökümet maslahatynda Maryda, Ahalda ekilýän gowaça meýdanlaryny artdyrmak we önki ýyllar Balkanda ýetişdirilen pagtany şol ýerlerden almak kararyna gelindi.

Balkanda gowaça ekmegiň ýalňyşdygy, il içindäki pikirlerden çen tutulsa, ozaldanam bilinýärdi. Emma by "synag" uzak ýyllar dowam etdirildi.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanda netijesiz tamamlanan synaglaryň ýene biri we Balkan babatda indiki gelnen kararyň logikasy barada asly balkanly, Aşgabatda ýaşaýan publisist Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

please wait

No media source currently available

0:00 0:06:29 0:00
Ýükle
XS
SM
MD
LG