Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mahmut Kylyç: “35 ýyllyk firmam Türkmenistanda batdy”


Häzir Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe respublikasyna sapary dowam edýär. Munuň çäklerinde türkmen-türk biznes forumy hem geçirilýär.

Geçen ýyllarda Türkmenistanda iş alyp baran türk gurluşyk firmalarynyň üçüsi – “ Içkale Inşaat”, “Kylyç Inşaat” we “Adem Dogan” kompaniýalary türkmen hökümetiniň üstünden şikaýat edip, sermaýa dawalaryny çözýän halkara merkezine ýüz tutupdylar.

Azatlyk Radiosyndan Merdan Saryýew bu mesele boýunça soňky täzelikler bilen gyzyklanyp, “Kylyç Inşaat” firmasynyň ýolbaşçylaryndan Mahmut Kylyç bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Bilşimiz ýaly, siziň “Kylyç Inşaat” şirketiňiz Türkmenistanda alyp baran işleri üçin tölegleriň tölenmändigini öňe sürüp, türkmen hökümetiniň üstünden arz edip, halkara suduna ýüz tutupdy. Maglumata görä, başga-da 20 töweregi türk kompaniýalary Türkmenistanda alyp baran işleri üçin töleglerini alyp bilmän gelýärler. Türkmen lideriniň bu saparynda siziň meseläňize seredilermi?

Mahmut Kylyç: Türkmenistanyň prezidentiniň Türkiýä sapar edýändiginden habarym bar. Ýöne biziň meselämiziň maslahat edilip-edilmejiginden habarym ýok. Edil meniň özüme-hä bu mesele boýunça hiç kim ýüz tutmady.

Azatlyk Radiosy: Siz mundan öň türk hökümetine ýüzlenip, ondan bu meseläni çözmäge kömek etmegini soradyňyzmy?

Mahmut Kylyç: Men bar bolan kynçylyklary çözmäge hemaýat etmegi üçin türk hökümetine ýüz tutdum. Olar hem meniň haýyşymy ýerde goýman, belli bir işleri etdiler. Men öz ýagdaýymy düşündirip, türk resmilerine, prezident Abdullah Güle hem hasabatlary taýýarlap ýolladym.

Ýöne, gynansam-da, türk tarapyndan edilen işlere garamazdan, bu ugurda häzirlikçe hiç bir öňegidişlik ýok. Men Stambulyň aeroportunda Türkmenistanyň wise-premýeri Baýmyrat Hojamuhammedow bilen hem duşuşyp, gürrüňdeş boldum. Oňa hem öz meselämi düşündirjek boldum. Ýöne ol meniň adýanlaryma gulak hem asmady. Netijede, meniň suda ýüz tutmakdan başga alajym galmady.

Azatlyk Radiosy: Suda ýollan dawaňyz häzir haýsy tapgyrda?

Mahmut Kylyç: Sud işi dowam edýär. Men özümde bar bolan dellileri oňa berdim. Bir ýyl töweregi wagtdan soň sud bu mesele boýunça karar çykmaly. Ýagny, iň soňky diňlenişik 2013-nji ýylyň maýynda bolmaly.

Azatlyk Radiosy: Siz häzirki ýokary derejeli türkmen-türk gepleşiklerinden öz meseläňiz boýunça öňegidişlik bolar diýip pikir edýärsiňizmi?

Mahmut Kylyç: Ýok, bu ugurda hiç zada garaşamok. Ýöne meniň bir zady nygtap geçesim gelýär. Näme bolsa bolsun, men Türkmenistany ýüregimden gowy görýärin. Men Maryda metjidiň gurluşygyny hem alyp bardym. Ýagdaýlar beýle bolmaly däl ahyryn. Meniň 35 ýyllyk firmam Türkmenistanda batdy. Her näme bolsa-da, türkmen halkyny we milletini ýüregimden söýýärin.
XS
SM
MD
LG