Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tomaşaçysyz kinoteatr


"Aşgabat" kinoteatry
"Aşgabat" kinoteatry
“Aşgabat” diýlip atlandyrylýan 3D ölçegli bu kinoteatr, soňky döwürlerde paýtagtda gurlan beýleki binalar ýaly, kaşaňlygy, özüne mahsus arhitekturasy we döwrebaplygy bilen tapawutlanýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan güni bolan 29-njy iýuna gabatlanyp açylan bu kinoteatr ýurtda 3D ölçegli fimleri görkezýän ilkinji hem ýeke-täk kinoteatr bolup, ol indi 6 aýydan bäri tomaşaçylara açyk.

Kinoteatr tomaşaçylara açyk welin, eline patrak alyp, çeper filmiň başlamagyna sabyrsyzlyk bilen garaşyp duran tomaşaçylar ýok. Bu ýagdaý “kinoteatr asla işleýärmikä bir?” diýen sowaly döreýär.

“Işleýär, ýöne kinoteatrda kino görkezmek üçin iň bolmanda bäş sany tomaşaçy bolmaly” diýip, Aşgabat kinoteatrynyň bir işgäri täze açylan bu kinoteatra her gün bäş adamyň hem gelmeýändigini aýdýar.

Berdimuhamedow 3D ölçegli kinoteatryň açylyş dabarasynda, 29-njy iýun, 2011-nji ýyl.
Berdimuhamedow 3D ölçegli kinoteatryň açylyş dabarasynda, 29-njy iýun, 2011-nji ýyl.
“Köplenç halatda şonça tomaşaçy gelmeýär, hatda hepde ahyrynda gelýänleriň sany hem 10-15-i geçenok. Şonuň üçin, kinoseanslaryň ýatyrylýan halatlary hem seýrek däl” diýip, ol özara söhbetdeşlikde nygtady.

“Aşgabat” kinoteatrynyň binasynda iki zal ýerleşýär. 3D ölçegli filmlere niýetlenen zal 70 orunlyk. Adaty filmler görkezilýän beýleki zaly hem goşanyňda, bu iki zalyň jemi 500 tomaşaça hyzmat etmäge mümkinçiligi bar.

Göräýmäge kinoteatryň biletleriniň nyrhy hem elýeterli: 3D filmleriniň bileti ulular üçin 10 manat, çagalar üçin bolsa 5 manat. Adaty kinoteatryň çagalara mahsus bileti 1 manat, ulularyňky bolsa 3 manada durýar.

Taryhy nukdaýnazardan aýdylanda, türkmenler sungata, edebiýata hem medeniýete bolan teşneligi bilen tanalýar. “Edebiýat we sungat” gazeti bolsa ýurduň iň köp okalýan neşirleriniň biri diýlip hasaplanýar.

1999-2008-nji ýyllar aralygynda bolsa türkmenler döredijilik gymmatlyklarynyň ähli görnüşlerinden diýen ýaly mahrum edilipdiler. Kinoteatrlar hem ýatyrylyp, döredilýän kinolaryň möçberi juda çäklendirilipdi. Döredilen sanlyja kinolar hem ýurduň sýyasy ideologiýasyna hem elitasynyň alyp barýan işlerini wasp etmäge gönükdirilipdi.

Haçanda 2008-nji ýylda şol gadagançylyklar ýatyrylanda, öz medeni gymmatlyklaryna suwsan halk prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň şol ädimlerine alkyş aýdypdylar. Ýöne 20 million dollar çykdajy edilip gurlan 3D ölçegli “Aşgabat” kinoteatrynyň häzirki gözgyny ýagdaýy nämäniň alamaty?

“Bizde häzir 3D ölçegli diňe bir film bar. O-da kinoteatryň açylyş dabarsynda görkezilen “Türkmenistan — jennet mekany” atly film. Tomaşaçylar bu filme tomaşa etmekden halys ýadan bolmaly” diýip, Aşgabat kinoteatrynyň işgäri ýagdaýya anyklyk getirýär.

“Başgaça söz bilen aýdylanda, “Aşgabat” kinoteatry açylany bäri 3D ölçegli zalda diňe bir kino görkezilýär. Şunlukda, bu teatra tomaşa etmäge gelýänler film bilen däl, kinoteatryň özi bilen gyzyklanýar” diýip, teatryň işgäri aýdýar.

Aşgabadyň "Watan" kinoteatry
Aşgabadyň "Watan" kinoteatry


Ýerly synçynyň aýtmagyna görä, ýagdaýy gözgyny bolan ýer diňe 3D kinoteatry däl, eýse Aşgabatda hereket edýän we adaty filmler görkezilýän beýleki iki kinoteatryň, ýagny “Türkmenistanyň” we “Watanyň” ýagdaýy hem o diýen öwerlikli däl.

“Adaty kinoteatrlarda görkezilýän filmler köplenç hindi kinolary. Ol filmlere barybir telewizorda tomaşa edip bolýar, şonuň üçin halkyň kinoteatrlara bolan islegi barha azalýar” diýip, adynyň agzalmagyny islemedik aşgabatly film muşdagy aýdýar.

Şunlukda, prezidentiň kinoteatrlaryň açylmagyna rugsat etmegi, 3D kinoteatrlaryny gurdurmagy bu sungatyň hakyky manyda gaýtadan dikeldilmegine häzirki döwürde o diýen täsirini ýetirip barmaýana meňzeýär.

Käbir ýerli synçylar bu pudagyň doly dikeldilmegi üçin 20 million dollarlyk kinoteatrlaryň däl, ýurtda döredijilik erkinliginiň üpjin edilmeginiň zerurdygyny aýdýarlar. Olaryň aýtmagyna, döredijilik erkinligi diňe kinoteatr pudagynyň ösmegine däl, beýleki ýurtlarda bolşy ýaly, onuň girdeji çeşmesine öwrülmegine hem kömek eder.

Geljekde boljak zatlary çaklamaga kyn, ýöne 3D kinoteatry diňe “Türkmenistan – jennet mekany” atly kino bilen çäklenip galan halatynda, onuň gazanç etmegä beýlede dursun, häzirki tomaşaçylaryň sany göz öňünde tutulanda, kinoteatryň gurluşygyna sarp edilen çykdajyny haçan ödejegi, asla ödäp-ödemejekdigi hem sorag bolmagynda galýar.

Myrat Gurbanow Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.

Degişli makalalar

XS
SM
MD
LG